Zähmetden bagt tapan işewür zenan

11 Mart 2024
1238

Suratda: «Gerçek» haryt nyşanly aýakgaplary öndürýän kärhananyň esaslandyryjysy, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň ýanyndaky Işewür zenanlar merkeziniň Mary welaýat bölüminiň başlygy Aýhan Rejepowa.

Diýarymyzyň jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşýan zenanlar ähli ugurlarda gazanylýan ösüşlere mynasyp goşant goşup, belent hormata eýe bolýarlar. Milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolan telekeçilikde hem işewür zenanlaryň eýeleýän orny bellenilmäge mynasypdyr. Şu nukdaýnazardan ugur alyp,  Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Gerçek» haryt nyşanly aýakgaplary öndürýän kärhananyň esaslandyryjysy, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň ýanyndaky Işewür zenanlar merkeziniň Mary welaýat bölüminiň başlygy Aýhan Rejepowa bilen ýazga geçiren söhbetdeşligimizi okyjylarymyza ýetirýäris.

Söhbetdeş bolan: Çary ÇARYÝEW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň telewideniýe žurnalistikasy hünäriniň talyby, «Biznes reklama».