Eşretli ýaşaýşyň höziri

28 Fewral 2024
815

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem ynsan saglygyny goramak we onuň immun ulgamyny berkitmek bolup durýar. Şu mynasybetli ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek babatda giň gerimli işler amala aşyrylyp, ilatyň sagdyn we uzak ýaşamagy üçin ähli şertler döredilýär.

Ýiti respirator keseli — möwsümleýin ýüze çykýan kesellere degişli bolup, gysga wagtyň dowamynda ýaýraýandygy bilen tapawutlanýar. Ol ýokarky dem alyş ýollarynyň nemli bardalaryny zeperlendirýär. Wiruslar ýapyk otaglarda birnäçe sagadyň dowamynda öz işjeňlik ukybyny saklap bilýändir. Olaryň adam bedenine ýokarky dem alyş ýollarynyň nemli bardalary arkaly aralaşýandygy sebäpli, keseliň kliniki ýüze çykmalary we alamatlar toplumy hem bu agzalaryň zeperlenmegine mahsus häsiýetlere eýe bolýar.

Aýna ANNAGULYÝEWA,
Aşgabat şäher hassahanasynyň lukmany.