Derde derman ary baly

28 Fewral 2024
1042

Ary baly dürli keselleriň öňüni almakda, bedeni kuwwatlandyrmakda gymmatly tebigy önüm hökmünde irki döwürlerden bäri halk tebipçiliginde we häzirki zaman lukmançylygynda giňden ulanylýar. Balyň düzüminde peýdaly antioksidantlaryň, C, B witaminler toparynyň we mineral maddalaryň köp mukdary saklanylýar. Onuň mikroblara, kesel dörediji bakteriýalara garşy göreşmekde işjeňligi hem ýokarydyr.

Çopantelpek, ýandak gülünden alnan ary baly dem alyş ýollarynyň sowuklamasynda peýdalydyr. Gaýnan suwa, çaýa garylan ary baly gyzgynlygyna nahardan öň içilende, iýmit siňdiriş ulgamynyň işini kadalaşdyrýar, bedendäki alyş-çalyş hadysasyny güýçlendirýär. Sowuk suwa garylyp içilende, aşgazan şiresiniň bölünip çykarylyşyny ýokarlandyrýar. Limon bilen bal goşulan çaý dem alyş ýollarynyň sowuklamasynda, möwsümleýin sökelliklerde has-da haýyrlydyr. Ol fiziki, akyl we ruhy ýadawlygy aýyrýar, bedeni rahatlandyrýar we işjeňligi ýokarlandyrýar.

Amanmyrat GELÄÝEW,
Akdepe etrap hassahanasynyň KA-nyň ilkinji guramasynyň başlygy.