Köwük pişigi

27 Fewral 2024
1187

Köwük pişigi ýyrtyjylar toparyna, pişikler maşgalasyna degişlidir. Bu pişikleriň tebigatda «Seýrek görnüş» derejesi berlen ýyrtyjy haýwanlaryň biri bolandygy üçin olar Tebigaty we tebigy baýlyklary goramagyň halkara bileleşiginiň (TGHB) we Türkmenistanyň Gyzyl Kitabynyň sanawyna şeýle hem Ýitip-ýok bolmak howpy abanýan ýabany ösümlik we haýwan görnüşleriniň halkara söwdasy baradaky konwensiýasynyň (CITES) sanawyna girizildi.

Bu jandaryň meýdan alamatlary barada aýtsak, onuň ululygy öý pişiginiňki ýaly bolup, bedeniniň uzynlygy 40 — 57 santimetr, guýrugynyňky 23 — 35 santimetre deňdir, aýaklary gysgarak, uzyn guýruklydyr. Gulaklary uly, çowly uçluja bolýar, duluklaryndaky tüýler ösgün, sakgalsap ýaly sallanýarlar, arka tarapy garamtyl çal reňkde bolup, onuň bedeniniň aşaky tarapy agymtyl reňklidir. Köwük pişiginiň ýurdumyzda ýaýraýşy we ýaşaýan ýerleri Garagumdaky Darjagum sähralygynda, Oktümgum, Çilmämmetgum, Üçtagan, Günorta Gaplaňgyr, Obruçew we Sandykly sähralyklarydyr. Olaryň ýaşaýan ýerleri sazak, sözen, gandym we ownuk gyrymsy agaçlar bilen örtülip, berkeşen, ýarym berkeşen çägeliklerdir gür, gara sazakly ýerlerdir. Bu pişikler aklaň çägeliklerde seýregräk gabat gelýärler. Dag etekleriniň toýunsow we kertli ýerlerine örän seýrek barýarlar. Olar ýurdumyzyň çäginden başga-da, Arabystanda, Sinaý ýarym adasynda we Sahara çöllerinde ýaşaýarlar. Köwügiň biologiýasynyň aýratynlyklary hakynda, adatça, ýekebara ýaşaýarlar, tomsuna gijesine, galan döwürde gündizine hereketde bolýarlar, köplenç hinlerden peýdalanýarlar. Olar dürli gemrijiler, seýregräk halatda ownuk guşlar, süýrenijiler we oňurgasyzlar bilen iýmitlenýärler. Bu pişikler ýurdumyzdaky goraghanalar tarapyndan gorag astyna alnandyr.

Akmyrat REJEBOW,
Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň hünärmeni.