Köýtendag - täsin mekan

14 Fewral 2024
984

(Dowamy. Öňi elektron gazetimiziň 13.01.2024 we 2.02.2024 sanlarynda)

Dinozawrlaryň belent tekizligi - Hojaýpil obasynda dinozawrlaryň belent tekizligi atly täsin bir ýer bar. Professor W.M.Sedleskiniň çaklamalaryna görä, bu sudurlarda takmynan 150 million ýyl mundan ozal ýaşap geçen ot iýiji jandarlaryň - iguanodontlaryň we ýyrtyjy dinozawrlaryň yzlarynyň alamatlary bardyr. Yzlar daş keşbi boýunça üç barmagyň anyk bildirýän sudurlary bolup durýar. Yzlaryň aradaşlygy 1,5 metr töweregi bolup, iri dinozawrlaryň boýy 8-12 metre, göwresi 5 metre, agramy bolsa 5-den 10 tonna çenli bolupdyr diýlip çaklanylýar. Uly möçberli yzlaryň arasynda uzynlygy 45 santimetre barabar bolan has kiçi sudurlar hem gabat gelýär. Bu ýerde aýak yzlaryň 400-den gowragynyň bardygy anyklanylandyr. Täsin belent tekizligiň uzynlygy 500 metr, ini 260 metr töweregidir. Umumy meýdany bolsa 6500 inedördül metre barabardyr. Bütin Köýtendagda dinozawrlaryň aýak yzlarynyň jemi 2500 sanysy bardyr. Bu täsinligi öwrenmek, goramak maksady bilen 1990-njy ýylyň 3-nji awgustynda dinozawrlaryň belent tekizligi tebigy ýadygärlik diýlip yglan edildi.

Jangeldi IŞANKULYÝEW
žurnalist