«Garga gary küýsär...»

13 Fewral 2024
1295

«Gyşyň güni kyrk tüýsli…» diýilse-de, bu paslyň howasy hem gözel tebigatymyzyň keşbine özboluşly öwüşgin berýär. Gözýetimde seleňläp görünýän Köpetdagyň depesinde agaryp ýatan gar gatlaklary misli asman bilen birigip gidýän ýaly, hem Ýere, hem arşa ýagtylyk çaýýar. Gojaman daglaryň pesrägindäki baýyrlara göz aýlasaň, kerkawdyr arçalardan ýaňa göm-gök öwsüp duran baglygy diýsene?! Ýaşyl gözýetimi synlap doýup bolanok. Dag howasy bolsa janyňa tenekar.

Gapdalymdaky dagdanyň çeýeje şahasynda hiňňildik uçup, petekesini gaýşardyp oturan garga: «Gar! Gar! Gar!» diýip, heşelle kakdy. Onuň gyryljyk sesine iniň jümşüldäp gidenini duýman galýarsyň. Gar bolsa diňe garganyň däl, hemmeleriň keýpini çaglap, seçelenip ýagyp dur, ýagyp dur. Gar Arşyň nury, topragyň berekedi ahyryn. «Gyşyň gary — ýaza däri» diýleni.

Öwezmyrat GELDIBAÝEW.
«Türkmenistan».