Alysdan gelen guşlar

1 Fewral 2024
990

Guşlar gabarasy, reňki, häsiýeti, mesgen tutýan ýerleri... boýunça dürli-dürli bolýarlar. Pasyllaryň üýtgemegi bilen guşlar uzak aralyklary geçip, özlerine howa we iýmit bilen bagly amatly ýerleri gözleýärler. Golaýda paýtagtymyz Aşgabadyň gündogaryndaky seýilgähleriň birinde ýapon sofora bagynda ellä golaý üýtgeşik guşy gördüm we ýuwaşlyk bilen olary sanly foto enjamymda surata düşürdim.

Ýewraziýanyň we Amerikanyň demirgazyk tokaý zolaklaryndan gelip, gözel ülkämizde gyşlaýan guşlara sykylykçy diýýärler. Göwrümi sarlardan kiçiräk bolan bu owadan guşlaryň dünýäde dört görnüşi bar. Çalymtyk reňkli, guýrugynyň, ganatlarynyň ujy nagyşlanan dek owadan, hüpükli bu guşlaryň dyrnaklary egmek bolanlygy sebäpli, ýere seýrek gonýarlar. Şahalarda welin ussatlyk bilen sallanýarlar.

Ahmet TAŇRYGULYÝEW,
fotohabarçy.