Döwrebap önümçilik desgasy işe girizildi

14 Dekabr 2023
1837

Ýurdumyzyň telekeçileriniň bitirýän işleri hemmeleri guwandyrýar. Olaryň öndürýän önümleriniň görnüşleri-de, möçberi-de yzygiderli artýar. Netijede, öň daşary ýurtlardan satyn alynýan önümleriň köpüsi indi biziň özümizde öndürilýär. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Ak bulut» hojalyk jemgyýeti hem bu babatda nusgalyk işleri bitirýär.

Ýakynda Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň Dostluk şäheriniň golaýynda «Ak bulut» hojalyk jemgyýetiniň Gurluşyk gury garyndy materiallaryny öndürýän zawody açylyp ulanmaga berildi. Zawodda öndüriljek, ýurdumyzyň gurluşyk pudagy üçin zerur bolan önümleriň hatarynda diwarlary örtmek we ýylmamak üçin niýetlenen gury garyndylaryň, gipsokarton önüminiň birnäçe görnüşi bar. Häzirki wagtda uly isleg, bildirilýän 60x60 santimetr ölçegdäki alçipan zawodda öndüriljek esasy önüm bolar. Bu önüm uly ölçeglerde hem öndüriler.

Hudaýberen ABRAÝEW.
«Türkmenistan». Surata düşüren Merdan ORAZOW.