Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen bina bolan we Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Arkadagly Serdarymyzyň gatnaşmagynda 2023-nji ýylyň 29-njy iýunynda dabaraly açylan Ahal welaýatynyň çäginde ýerleşýän Arkadag şäheriniň ak mermere beslenen binalarynyň biri Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebi bu gün gapylaryny giňden açýar.
Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebi sungatyň we döredijiligiň dürli ugurlary boýunça zehini, ukyby, kämil başarnygy bolan okuwçylary okamaga çagyrýar we olary degişli synaglary tabşyrmak arkaly, bäsleşik esasynda aşakdaky hünär ugurlary boýunça okuwa kabul edýär.