Abrakadabra jadyly sözüň taryhy
Abrakadabra! Jadynyň nyşanyna öwrülen bu söz diňe bir gözbagçylar tarapyndan ulanylman, eýsem, arzuwlaryňy amala aşyryjy gudratly söz hökmünde çagalar tarapyndan hem ulanylýar. Köpler müňlerçe ýyllyk taryhy bolan bu sözüň şypa beriji häsiýetiniň bardygyna, erbet güýçlerden goraýandygyna ynanýar. Dürli emelleri görkezýän gözbagçylar täsin bir ýagdaýyň ýüze çykmagy üçin «abrakadabra» diýip gygyrýar. Şeýlelikde, düýbünden bolmajak bir görnüş köpçüligiň öňünde peýda bolýar. Mysal üçin, şlýapanyň içinden towşanjygyň gulagyny üşerdip çykmagy, ýüzi şekilli kartlaryň hemmesiniň birmeňzeş açylmagy we ş.m. Abrakadabra arameý dilindäki «avra kehdabra» söz düzüminden gelip çykyp, «aýdyşym ýaly edýärin, diýşim ýaly döredýärin» diýen manylary berýär. Taryhyň dowamynda bu söz beýleki dillere-de geçip, gudratly söz hökmünde ynanja öwrülipdir.