Ýaş nesil hakyndaky alada ýurdumyzda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde beden taýdan sagdyn, bilimli ýaş nesli terbiýelemäge, olaryň ýaşaýyş-durmuşy üçin iň gowy şertleri döretmäge aýratyn üns berilýär. Watanymyzyň daýanjy bolan ýaş nesliň berk bedenli, sagdyn ruhly, giň dünýägaraýyşly adamlar bolup ýetişmegi üçin dünýä ylmynyň iň soňky gazananlaryny ulgama ornaşdyrmakda uly üstünlikler gazanylýar. Döwlet Baştutanymyz ylym, bilim, hünär, terbiýe meselelerinde uly wezipeleri öňde goýýar. Ýaş nesle berilýän bilimiň hili şahsyýetiň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşini üpjün edýär. Munuň özi ýurdumyzda bilim ulgamyny döwrebap ösdürmekde alnyp barylýan işleriň rowaçlyklara beslenýändigini görkezýär.
Ýurdumyzyň ösüşlerini mundan beýläk-de artdyrmak ýaş nesillere ynanylýar. Ösüşler bolsa täze pikirleri talap edýär. Täze pikirler bolsa hemişe sagdyn, ruhubelent, zähmetsöýer adamlara mahsus häsiýetdir. Bilim almak, hünär öwrenmek türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda berk eýerip gelen durmuş kadasydyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda bagtyýarlygyň we rowaçlygyň gözbaşy bolan ylym-bilim döwletimiziň ösüşiň täze belentliklerini nazarlaýan esasy ulgamydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilimiň we ylmyň jemgyýetimiziň döredijilik güýjüniň binýady hökmünde yzygiderli kämilleşdirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.