Ikin­ji gezek bellendi

6 Dekabr 2024
135

Bü­tin­dün­ýä Söw­da Gu­ra­ma­sy­nyň Že­ne­wa­da­ky ştab-k­war­ti­ra­syn­da ni­ge­ri­ýa­ly ze­nan Ngo­zi Okon­jo-Iwea­la­ gu­ra­ma­nyň baş­ly­gy we­zi­pe­si­ne ikin­ji ge­zek bel­len­di. Bu ka­rar BSG-niň Baş Ge­ňe­şi­niň no­bat­dan da­şa­ry mas­la­ha­tyn­da ka­bul edil­di. Gu­ra­ma tä­ze baş di­rek­tor bel­le­mek me­se­le­si res­mi taý­dan 8-nji okt­ýabr­da baş­lan­dy. Da­laş­gär hö­dür­le­mek möh­le­ti gu­ta­ran­dan soň, ikin­ji dört ýyl­lyk möh­le­ti eýe­le­mä­ge taý­ýar­dy­gy­ny tas­syk­lan Ngo­zi Okon­jo-Iwea­la bu we­zi­pe üçin ýe­ke-täk da­laş­gär bo­lup gal­dy. N. Okon­jo-Iwea­la­nyň ikin­ji möh­le­ti 2025-nji ýy­lyň 1-nji sent­ýab­ryn­da baş­lar.

Ni­ge­ri­ýa­da dog­lan Ngo­zi Okon­jo-Iwea­la Bü­tin­dün­ýä Söw­da Gu­ra­ma­sy­na ýol­baş­çy­lyk edip gel­ýän il­kin­ji ze­nan we il­kin­ji af­ri­ka­ly­dyr. Ösüş me­se­le­le­ri bo­ýun­ça yk­dy­sat­çy hök­mün­de Ngo­zi Okon­jo-Iwea­la Bü­tin­dün­ýä Ban­kyn­da 25 ýyl do­lan­dy­ry­jy mü­dir bo­lup iş­läp­di.