Algebranyň atasy

7 Ýanwar 2021
2679

Maglumatlardan aýan bolşy ýaly, alym 12-den gowrak ylmy eserleri döredipdir. Muhammet ibn Musa al-Horezminiň galamyndan çykan işleriň hemmesi musulman Gündogar dininiň we ylmynyň ýörgünli dili saýylan arap dilinde ýazylypdyr.

Biz şu ýazgymyzda Türkmenistanyň çäginde, esasan, VIII — IX asyrlarda ýaşap geçen, ensiklopediki ylmyň düýbüni tutan Abu Japar Muhammet ibn Musa al-Horezmi (780 — 850 ý.ý.) hem-de onuň döwürdeşleri hakynda durup geçmekçi. Muhammet ibn Musa al-Horezmi tutuş musulman Gündogarynyň iň ajaýyp, iň beýik alymlarynyň biri saýylmak bilen, takyk ylymlaryň — matematikanyň, astronomiýanyň kemala gelmegine, ösmegine ägirt uly goşant goşdy. Akyldaryň döredijiligi umumadamzat medeniýetiniň we ylmynyň taryhynda öçmejek yz galdyrdy. Dünýä ylmynyň taryhnamasynda Gündogarda IX asyryň birinji ýarymynyň «al-Horezminiň döwri» diýlip ykrar edilmegi muňa aýdyň subutnamadyr.

Bäşim ANNAGURBANOW,
arheolog.