Arkadagyň ösüş ýoly bilen

11 Fewral 2021
1279

Türkmenistanda döwletiň esasy wezipeleri saýlawlaryň üsti bilen eýelenýär, döwlet ähmiýetli wajyp işleriň ählisi halk bilen maslahatlaşyp amala aşyrylýar. Demokratiýa ýörelgeleri esasynda guralýan saýlawlar halk häkimiýetiniň möhüm aňlatmasy hem-de esasy düzüm bölegi bolup durýar.

Gahryman Arkadagymyzyň halkyň uly ynamyna mynasyp bolup, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanylmagy bilen, milli ösüş ýolunyň täze tapgyry başlandy. Bu beýik ynam milli Liderimiziň ählihalk tarapyndan döwlet Baştutanlygyna saýlanan gününden bäri ýaýbaňlandyrylan ägirt uly özgertmeler maksatnamasynyň oňyn netijeleri berýändiginiň nurana şuglasydyr.

Oguljemal NURMYRADOWA,
«Ahal durmuşy».