Garaşsyzlyk — buýsanjymyz

10 Fewral 2021
2958

Eziz Arkadagymyzyň saýasynda ýurdumyz günsaýyn ösýär, özgerýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Diýarymyz ösüşleriň täze belentliklerine badalga aldy. Gahryman Arkadagymyzyň: «Ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllaryndaky syýasy we ykdysady galkynyşlary, medeni we durmuş özgertmeleri halkymyzyň maddy hem-de ruhy gymmatlyklaryny baýlaşdyrdy, döwletimiziň kuwwatyny artdyryp, berkararlygyny has-da pugtalandyrdy» diýip, uly buýsanç bilen aýdan sözleri bu günki gün durmuş hakykatyna öwrülýär.

Garaşsyzlyk baýramy parahatçylygyň we abadançylygyň, agzybirligiň we jebisligiň baýramydyr. Mähriban Diýarymyzyň özbaşdaklygy, özygtyýarlylygy barada pikir ýöredeniňde, ata Watanymyzyň Garaşsyzlyk ýörelgeleriniň pugtalanmagynda, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň ýokarlanmagynda, döwletimiziň özygtyýarly döwlet hökmünde dünýäniň senagat taýdan ösen ýurtlarynyň hataryna goşulmagynda bimöçber işleriň durmuşa geçirilýändigini buýsanç bilen bellemek guwandyryjydyr. Eziz Arkadagymyz döwletimiziň Garaşsyzlygynyň möhüm ähmiýetiniň bardygyny aýratyn nygtamak bilen, «Garaşsyzlyk» diýen mukaddes hem-de çuň mazmunly düşünjäniň bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdygyny: «Garaşsyzlyk bahasyna ýetip bolmajak beýik düşünjedir, döwletimiziň mizemezliginiň, halkymyzyň agzybirliginiň we jebisliginiň müdimi binýadydyr. Bu beýik hem-de çuň manyly sözde ata-babalarymyzyň erkin, özygtyýarly, abadan hem-de bagtyýar ýaşamak baradaky iň süýji arzuw-maksatlary, eziz Diýarymyzyň şanly geçmişi, şu güni hem-de beýik geljegi jemlenendir» diýen parasatly sözler bilen beýan edýär. Bu ajaýyp jümleler mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ähmiýetine berlen mynasyp bahadyr. Eziz ýurdumyzda ýaşamaga, halal zähmet çekmäge, halal zähmetiň hözirini görmäge, gurmaga, döretmäge giň mümkinçilikler berýän ajaýyp durmuşymyz bar.

Gülnur ÝAZMEDOWA,
welaýat çagalar kitaphanasynyň kitaphanaçysy.