Medeniýet — halkyň kalby

8 Fewral 2021
1337

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen jemgyýetiniň ösüşiniň aýratyn möhüm ugurlarynyň biri hökmünde medeniýet ulgamy hemişe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň üns merkezinde durýar, çünki türkmen halkynyň ruhy gymmatlyklarynyň esasynda täze döwlet we jemgyýetçilik ideologiýasyny kemala getirmek hut medeniýet bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Medeniýet döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, medeniýet ulgamynda gazanylýan her bir üstünlik dürli durmuş maksatlarynyň tutuş toplumyny özünde jemleýär.

Ýurdumyzyň medeniýet ulgamy häzirki zaman jemgyýetiniň isleglerine laýyk gelmek bilen çäklenmän, eýsem, Türkmenistanyň demokratik we durmuş-ykdysady özgertmeler ýoly bilen mundan beýläk-de ynamly öňe gitmegi üçin ägirt uly kuwwata eýe bolmalydyr. Hut şoňa görä-de, milli Liderimiziň gozgaýan meseleleri türkmen jemgyýetiniň medeni derejesini ýokarlandyrmaga ýardam edýän gündelik medeni-köpçülikleýin işlerden başlap, medeniýet ulgamynda ylmy işiň usullaryny döretmäge, milletiň täsin taryhy-medeni mirasyny çuňňur öwrenmäge we giňden wagyz etmäge, türkmen ýaşlaryny döredijilik bilen işjeň meşgullanmaga höweslendirmäge, milli mirasy öwrenmäge çenli möhüm meseleleriň giň toplumyny öz içine alýar.

Ýörite habarçymyz.