Bedew batly öňe barýar Garaşsyz Türkmenistan

8 Fewral 2021
1444

Garaşsyz hem baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz Garaşsyzlygyny gazanan ilkinji gününden özüniň parahatçylyksöýüjilikli, ynsanperwer syýasaty bilen halkara derejesinde belent abraý-mertebä eýe boldy. Gahryman Arkadagymyzyň parasatlylyk bilen alyp barýan içeri we daşary syýasaty halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyna we umumadamzat ähmiýetli meseleleriň oňyn çözülmegine gönükdirilendir. Mähriban Prezidentimiziň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «2021-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi hakyndaky Kararnamanyň kabul edilmegi hem Türkmenistanyň abraý-mertebesiniň belent derejededigini tassyklaýar. Bu barada Gahryman Arkadagymyz «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly eserinde: «Türkmen halky Garaşsyzlyk ýyllarynda özüniň asyl häsiýetlerini hem-de parahatçylygy hemmeleriň deň tagalla etmegi bilen saklap bolýandygyna bolan berk ynamyny täzeden dikeltdi» diýip belleýär.

Taryhyň ähli döwürlerinde halkymyz dünýä halklary bilen dostlukly gatnaşyklara uly hormat goýupdyr. Milli Liderimiziň baştutanlygynda bu günki gün Beýik Ýüpek ýoly täzeden dikeldilýär we dost-doganlyk ýollary dünýä uzaýar. Bu barada Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly eseriniň birinji kitabynda: «Görnüşi ýaly, taryhyň ähli döwürlerinde Beýik Ýüpek ýolunyň şahalary, ak ýollary, bagt ýollary dünýäniň çar künjünden Zeminiň ýüregi Türkmenistanyň goýnuna gelýär. Keremli topragymyzdan gözbaş alýan dost-doganlyk ýollary, ykdysady hyzmatdaşlyk ýollary, syýahatçylyk ýollary yklymlara tarap ynamly gadam basýar» diýip belleýär. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ynsanperwer, parahatçylyksöýüji, parasatly syýasaty tutuş dünýäde barha dabaralanýar. Ýurdumyzda 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylmagy hem bu hakykaty aýdyň görkezýär.

Ogulnur ANNANEPESOWA,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň maglumat-tehnologiýalar we halkara gatnaşyklary bölüminiň baş hünärmeni.