Ählumumy abadançylygyň bähbidine

5 Fewral 2021
1419

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda hemişelik Bitaraplygymyzyň ýörelgeleri soňky ýyllarda has işjeň häsiýete eýe boldy. Ýurdumyzyň bu hukuk derejesiniň dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy berkarar etmäge, durnukly ösüşi gazanmaga we hyzmatdaşlygyň netijeli nusgalaryny işjeňleşdirmäge esaslanýandygy guwandyryjy hakykatdyr. Çünki agzybir türkmen halky birnäçe asyrdan bäri bu ajaýyp ýörelgelere daýanmak arkaly dünýä jemgyýetçiliginde öz mynasyp ornuny has hem berkitmekde uly üstünlikleri gazandy.

Halklaryň, milletleriň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda we ýygjamlaşdyrmakda Türkmenistanyň öňe sürýän başlangyçlarynyň halkara möçberinde giň goldaw tapmagynyň düýp manysynda ynsanperwerlik we hoşniýetlilik düşünjeleri orun alýar.

Rana EREŞOWA,
Dänew etrabyndaky ýöriteleşdirilen 20-nji orta mekdebiň müdiri.