Rowaçlyklaryň belent sepgitlerine tarap

4 Fewral 2021
1488

ÝYLYMYZYŇ ŞYGARY – ÝOLUMYZYŇ ÇYRAGY

Parasatly pederlerimiziň asylly ýörelgelerine görä, parahatçylygyň we birek-birege ynanyşmagyň höküm sürýän ýurdunda beýik-beýik ösüşler amala aşyrylýar. Parahatçylyk we ynanyşmak düşünjesi bütin türkmen halkynyň asman asudalygyny, dünýä parahatçylygyny gorap saklamak bilen, ösüşleriň täze belentliklerine çykmak baradaky arzuw-islegleriniň jemidir. Türkmen halkynyň dünýä halklarynyň abadançylygyny we ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen döwletlilik ýörelgeleri bu günki gün dünýäde giň goldaw tapýar hem-de dabaralanýar.