Watançy gerçekleriň bäsleşigi

3 Fewral 2021
1845

­­­

Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby bölümlerinde «Watançy gerçekler» atly çeper-döredijilik bäsleşigi geçirildi. Her ýyl Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy, şeýle hem Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan guralýan bu bäsleşik Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne mahsus Watan goragçylaryny terbiýeläp ýetişdirmek, olaryň Watana wepalylyk hem-de merdanalyk bilen ak ýürekden gulluk etmeklerini gazanmak, hormatly Prezidentimiziň öwüt-nesihatlaryny we watançylyk sargytlaryny, eserleriniň many-mazmunyny şahsy düzümiň aňyna çuňňur ornaşdyrmak, şeýle hem harby bölümlerde giň dünýägaraýyşly, öz hünärine ökde, geljekde ykbalyny serhet goragyna bagyş etjek sungata höwesli serhetçi esgerleri ýüze çykarmak maksady bilen geçirilýär.

Maksatmyrat ATABALOW,
maýor.