Hünär baýramyny mynasyp garşylap

14 Dekabr 2024
138

Tebigy baýlyklaryň ozal özleşdirilmedik täze ýataklaryny açmak bilen, uglewodorod serişdeleriniň çykarylyşyny artdyrmak «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň zähmet toparlarynyň baş wezipesidir. Ol ykdysadyýetimiziň ýangyç-energetika toplumynyň iri önümçilik düzümleriniň hatarynda tanalýar. Diýarymyzyň energiýa serişdelerini ygtybarly we netijeli özleşdirip bilýän döwletleriň hataryna ynamly goşulmagy bu korporasiýanyň geofizikleridir geologlarynyň ylma we öňdebaryjy tejribelere daýanyp çekýän halal zähmetiniň netijesidir.

Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyna laýyklykda iş alyp barýan Balkan geofizika ekspedisiýasynyň hem bu ugurda gazanylýan üstünliklerde öz mynasyp paýy bar. Kärhanamyzyň hünärmenleri günbatar sebitde seýsmiki gözleg işlerini üstünlikli amala aşyrmagyň hötdesinden gelýärler. Häzirki wagtda bu gaýragoýulmasyz çäreleri «Akmyrat», «Isgender», «Akpatlawuk» ýaly geljegine uly umyt bildirilýän meýdançalarda üstünlikli alyp barýarys.

Nejep TUWAKOW,
«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň Balkan ekspedisiýasynyň meýilnama-ykdysadyýet bölüminiň başlygy.