Gulhan pälwan

13 Dekabr 2024
119

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň demirgazygyndaky Tilkiçyrla obasynda öz döwründe toýlarymyzyň bezegi bolan milli göreşimizde il-ulsumyzy guwandyryp bilen Gurbanmuhammet Hojarepow (halk arasynda ýörgünli ady Gulhan pälwan) ýaşaýar. Bir aý çemesi mundan öň – 16-njy noýabrda Kakadurdy Atalyýew hem-de Türkmenistanyň at gazanan artisti, bagşy Baýramguly Hojamgulyýew üçümiziň, şol oba sary ýola rowana bolmagymyzyň hem düýp sebäbi Gulhan pälwan bilen ýakyndan tanyşmak bilen baglydy. Biz Gökdepe obasyndan pälwanyň ýegre dosty Geldi Poşany hem alyp, Tilkiçyrla obasyna ugradyk.

Aslynda, men Gulhan pälwany gaýybana tanaýardym. Il-sylagly, orny törde bolan Geldi Poşa pälwanyň we Kakadurdy Atalyýewiň beren gyzykly gürrüňleri mende bu pälwan bilen has içgin tanyşmak höwesini döretdi. Ine, bu gün bolsa biz Garagum sährasynda önüp-ösen meşhur pälwan bilen duşuşmaga barýarys.

Çarymyrat Garahanow,
Türkmenistanyň içeri işler edaralarynyň weterany, polisiýanyň ätiýaçdaky podpolkownigi.