Halk ha­ky­da­sy­nyň dür-mer­je­ni

12 Dekabr 2024
119

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň go­laý­da eli­mi­ze gow­şan «Ha­ky­da göw­he­ri» at­ly tä­ze ki­ta­by Mil­li Li­de­ri­mi­ziň ozal­ky dö­re­den aja­ýyp eser­le­ri­niň ha­ta­ryn­da my­na­syp orun eýe­le­di. 30-njy no­ýabr­da onuň il­kin­ji ta­nyş­dy­ry­lyş da­ba­ra­sy Ar­ka­dag şä­he­ri­niň hä­kim­li­gin­de ge­çi­ril­di. Şu gün­ler hem bu gym­mat­ly ki­ta­by giň köp­çü­li­ge ta­nyş­dyr­mak mak­sa­dy bi­len gu­ral­ýan da­ba­ra­lar uly ru­hu­be­lent­li­ge bes­len­ýär.

Mä­lim bol­şy ýa­ly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 29-njy no­ýabr­da ge­çi­ren Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň mej­li­sin­de Gahryman Arkadagymyzyň tä­ze ki­ta­by­nyň ne­şir edi­len­di­gi­ni ha­bar ber­di. Şu my­na­sy­bet­li, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Milli Liderimize Gut­lag iber­di. Gut­lag­da bu aja­ýyp ki­tap­da mer­da­na hal­ky­my­zyň asyr­la­ryň jüm­mü­şi­ne uzap gid­ýän şöh­rat­ly ýo­lu­nyň, dün­ýä ösü­şi­ne go­şan ägirt uly go­şan­dy­nyň, gör­nük­li şah­sy­ýet­le­ri­mi­ziň ama­la aşy­ran be­ýik iş­le­ri­niň ta­ry­hy mag­lu­mat­lar ar­ka­ly tä­sir­li be­ýan edi­len­di­gi bel­le­nil­ýär. Bu gym­mat­ly eser bag­ty­ýar hal­ky­my­zyň ýan­ki­ta­by­na öw­rü­ler. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz baý ma­ny-maz­mun­ly ki­ta­byň dür­li ýaş­da­ky wa­tan­daş­la­ry­myz­da uly gy­zyk­lan­ma dö­ret­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di.

Aýlar ROZYÝEWA,
Aşgabat şäherindäki 78-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiň mugallymy.