Dur­mu­şyň be­ze­gi, döw­rüň buý­san­jy

11 Dekabr 2024
168

Mil­li Li­de­ri­miz ge­çen ýyl­lar­da yla­hy ze­hi­nin­den, pä­him-paý­ha­syn­dan dö­rän yl­my- fi­lo­so­fik we çe­per eser­le­ri­niň en­çe­me­si­ni hal­ky­my­za peş­geş etdi. Yn­ha, go­laý­da bol­sa Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň «Ha­ky­da göw­he­ri» at­ly tä­ze ki­ta­by ne­şir edi­lip, ulus-ili­mi­ze go­wuş­dy. Bu gym­mat­ly eser ýur­du­myz­da he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­my­zyň şan­ly 29 ýyl­ly­gy­nyň ulu­dan toý­la­nyl­ýan gün­le­rin­de türk­me­nis­tan­ly­lar üçin aja­ýyp sow­gat bol­dy.

Köp­ýyl­lyk şöh­rat­ly ta­ry­hy bo­lan hal­ky­myz uzak geç­miş­de dün­ýä si­wi­li­za­si­ýa­sy­nyň ös­me­gi­ne ön­jeý­li go­şant goş­dy. Da­na pe­der­le­ri­mi­ziň dö­re­den bi­na­gär­lik eser­le­ri, sün­nä­läp kä­mil­leş­di­ren se­net­çi­lik, se­ýis­çi­lik däp­le­ri, ge­lin-gyz­la­ry­my­zyň ne­pis el iş­le­ri umu­ma­dam­zat me­de­ni­ýe­ti­niň gen­ji-ha­zy­na­sy­na öw­rül­di. Nus­ga­wy şa­hyr­la­ry­my­zyň şu gün­ki ne­sil­le­re gal­dy­ran ede­bi mi­ra­sy hem pä­him-paý­has çeş­me­si hök­mün­de dün­ýä halk­la­ry­nyň ara­syn­da giň meş­hur­ly­ga eýe bol­dy. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň tä­ze ese­rin­de hem hal­ky­my­zyň şeý­le baý ta­ry­hy-me­de­ni dur­mu­şyn­dan söz aç­ýan yl­my ga­ra­ýyş­la­ry öz be­ýa­ny­ny tap­ýar. Mil­li Li­de­ri­miz bu ki­ta­by dö­ret­mek­de şöhratly taryhymyzyň çuňluklaryna aralaşandygyny, şeýle-de ar­heo­log­la­ry­my­zyň tä­ze ta­pyn­dy­lar esa­syn­da top­lan mag­lu­mat­la­ry­ny, da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ri­len gol­ýaz­ma­lar esa­syn­da pi­kir ýö­re­dip bol­jak tä­ze­çe ylmy ga­ra­ýyş­la­ry peý­da­la­nan­dy­gy­ny be­ýan ed­ýär. Hal­ky­my­zyň şöh­rat­ly ta­ry­hy, dö­re­di­ji­lik mi­ra­sy ha­kyn­da ki­tap­da ge­ti­ril­ýän mag­lu­mat­lar örän gym­mat­ly hem-de tä­sir­li.

My­rat TA­GAN og­ly,
ýö­ri­te ha­bar­çy­myz.