Şanly taryhyň beýany

7 Dekabr 2024
147

Golaýda Gahryman Arkadagymyz zähmet rugsadynda – dynç alyş günlerinde döredijilik bilen meşgul bolup, şöhratly taryhymyz hakynda toplan maglumatlary esasynda döreden «Hakyda göwheri» atly täze eserini ýazyp tamamlandygy barada hoş habary ildeşlerimize ýetirdi. Milli Liderimiziň halkymyzyň bütin taryhyň dowamynda döreden hem-de häzirki nesillere miras galdyran milli gymmatlyklaryna, şan-şöhratly ýoluna, taryhda yz galdyran şahsyýetlerine bagyşlan täze kitaby ýaş nesiller üçin gymmatly hazyna çeşmesi bolar. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, biziň her birimiz baý edebi mirasymyza, berkarar döwletimizde gazanylýan ösüşlere buýsanmaga hem guwanmaga haklydyrys. Hormatly Arkadagymyz «Hakyda göwheri» diýip atlandyran kitabynda türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň döreden eserleriniň adamzat gymmatlyklaryna ýetiren täsiri, şöhratly taryhymyzyň beýany, medeniýetimiziň dünýä siwilizasiýasyna goşan goşandy baradaky maglumatlary ýerleşdirendigini aýratyn belläp geçdi. Munuň özi täze kitaba bolan gyzyklanmany artdyrýar.

Berkarar Watanymyzyň täze taryhy döwründe milli ýol-ýörelgeleriň dabaralanmagy, ýurdumyzyň gülläp ösmegi, kämil bilimli, watansöýüji nesliň kemala gelmegi ugrunda taýsyz tagalla edýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz çäksizdir.

Amanmyrat ÇILGEZOW,
TDMG-niň Aşgabat şäher boýunça müdirliginiň harby gullukçysy, leýtenant.