Bitaraplyk, bagtyýarlyk — bir ajaýyp sazlaşyk

4 Dekabr 2024
205

Parahatçylyksöýüjilik, dost-doganlyk we hoşniýetlilik taryhyň çuňluklaryndan bäri biziň ata-babalarymyzyň ädimme-ädim sünnäläp gelen ynsanperwer ýol-ýörelgeleridir. Häzirki ajaýyp döwrümizde bu ýörelgeler many-mazmun taýdan has-da baýlaşdyrylyp, berkarar türkmen döwletiniň syýasatyna esas edilip alyndy. Ata-babalarymyz has irki döwürlerde-de goňşy halklar bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmagyň tarapdary bolupdyrlar. Oguz han Türkmeniň eýýamyndan başlap öz taryhynyň ähli döwürlerinde ylalaşykly ýaşamaga, jedelli meseleleri parahatçylykly ýol bilen çözmäge çalşypdyr.

Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Bitaraplyk biziň parahatçylygy we hyzmatdaşlygy ündeýän, halklary dost-doganlyga, agzybirlige çagyrýan, ynsanperwerligi wagyz edýän işlerimizi dünýä ýaýýan taglymatdyr. Bu taglymat eziz Watanymyzyň beýik geljeginiň şanyna döredýän hem gurýan merdana halkymyza täze üstünlikleri gazanmaga güýç-kuwwat berýär.

Silap BAÝRAMOW,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymy.