Gahryman Arkadagymyzyň täze neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

4 Dekabr 2024
266

Düýn 3-nji noýabrda Türkmenistanyň medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Gahryman Arkadagymyzyň täze eseri bolan «Hakyda göwheri» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Dabara ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyp ýaşlary gatnaşdylar.

Tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň neşir edilmegi bilen tüýs ýürekden mähirli gutlap, döwet galamynyň geljekde-de ýiti bolmagyny arzuw etdiler. Şeýle hem tanyşdyrylyş dabarasyndaky täsirli çykyşlar oňa gatnaşyjylaryň watançylyk duýgusyny artdyryp, mukaddes Watanymyzy has-da gülledip ösdürmek ugrunda alnyp barylýan işlere her bir türkmenistanlynyň mynasyp zähmet çekip, şahsy goşandyny goşmalydygy baradaky çagyryşlar bilen utgaşdy. Bellenilişi ýaly, bu eseriň Halkara Bitaraplyk gününiň we Bitaraplygymyzyň şanly 29 ýyllyk baýramynyň öňýanynda halkymyza ýetirilmeginiň uly manysy bar.

Akkeýik ALLAGULYÝEWA,
«Diýar».