Beýik ösüşleriň mekany

13 Noýabr 2024
299

Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz halkymyzyň bagtyýar, eşretli durmuşyny üpjün etmek ugrunda taýsyz tagallalary edýärler. Ýurdumyzyň ähli pudaklarynda yzygiderli geçirilýän düýpli özgertmeleriň netijesinde gazanylýan üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler biziň her birimiziň buýsanjymyzy artdyrýar. Hormatly Prezidentimiziň oýlanyşykly başlangyçlary esasynda işlenip taýýarlanan uzak möhletleýin maksatnamalara daýanýan köptaraply özgertmeler abadan şu günümize we bagtyýar geljegimize gönükdirilendir. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, ilatyň saglygyny goramak, sowatly, belent adamkärçilikli, giň dünýägaraýyşly ýaşlary kemala getirmek boýunça amala aşyrylýan tutumly işler ata Watanymyzyň abraýyny dünýä derejesinde belende göterýär. Şeýle hem köpugurly tutumlaryň rowaçlygy berkarar döwletimizi syýasy taýdan durnukly, ykdysady taýdan kuwwatly döwletleriň hataryna çykardy. Milli Liderimiziň asylly başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän döwlet Baştutanymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän tutumlaryň dünýä jemgyýetçiliginiň uly gyzyklanmasyna we goldawyna eýe bolmagy örän buýsandyryjydyr. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň her bir işde dünýä halklarynyň bähbitlerini milli bähbitler bilen deň derejede goýýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Sebäbi ýurdumyz hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň ynsanperwer ýörelgelerine berk eýermek bilen, olardan gelip çykýan halkara borçnamalaryny gyşarnyksyz berjaý edýär.

Goý, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzy ählumumy bähbitleri nazarlaýan beýik tutumlardyr özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýän mekanyna öwren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Begenç MOŞALAKOW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Balkan welaýaty boýunça müdirliginiň harby gullukçysy, leýtenant.