Dilleriň dessany, kalplaryň bossany

13 Noýabr 2024
256

Günbe-günden gözelleşýän, juwanlaşýan eziz Watanymyzda ata-babalarymyzyň döwletlilik ýörelgelerine uly sarpa goýýan, olary mynasyp dowam etdirýän Gahryman Arkadagymyzyň paýhasy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde sebitde deňi-taýy bolmadyk täze, döwrebap şäher döredi. Arkadag şäheri Gahryman Arkadagymyzyň mukaddes türkmen topragynda, gadymy Oguz ýurdunda ak mermerli binalardan döreden deňsiz-taýsyz eseridir. Bu şäher gojaman Köpetdagyň etegindäki jana şypaly tebigy aýratynlyklaryň hem-de ynsan eli bilen döredilen gözellikleriň ajaýyp sazlaşygydyr.

Gündizine Gün şöhlesi düşende, şäheriň binalarynyň biri-birine yşyk berýän ýaly öwşün atyşyny synlamagyň özi kalbyňa üýtgeşik ýakymlylyk eçilýär. Dünýäniň häzirki zaman şäherleriniň hatarynda mynasyp orun eýeleýän Arkadag şäheriniň agşamky görnüşlerinde-de halkymyzyň milli ruhuna kybap gelýän özboluşly gözellik bar. Bu künjegiň döwrebap ýagdaýda abadanlaşdyrylan çäkleri şäheriň tyllaýy agşamlary bilen utgaşyp, gaýtalanmajak sungat eserine çalymdaş gözelligi emele getirýär.

Gurbanjemal DURDYGULYÝEWA,
«Balkan».