Watan waspy dillerde

9 Oktýabr 2024
360

Watanymyzyň baş baýramy — mukaddes Garaşsyzlyk toýy halkymyzyň buýsanjydyr, bagtyýarlygyň, döwletliligiň, agzybirligiň, jebisligiň aýdyň nyşanydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşaýan halkymyz Garaşsyzlygyň 33 ýyllygyny uly joşgun we dabara bilen toýlady. Şeýle günlerde Watanymyzyň waspyny ýetirmek örän buýsançlydyr.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygy merdana ata-babalarymyzyň päk arzuwlarynyň wysaly bolup, asudalygy söýýän halkymyzyň täze taryhynda ähmiýetli wakalaryň biridir. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly kitabynda biziň ähli arzuw-maksatlarymyzyň hasyl bolmagynyň esasynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň durandygyny nygtaýar.

Bahar AŞYROWA,
uly leýtenant.