Beýik Galkynyşlaryň döwri

8 Oktýabr 2024
362

Garaşsyzlyk ýyllary ýurdumyzyň beýleki sebitleri ýaly, Daşoguz welaýaty üçin hem görlüp-eşidilmedik galkynyşlaryň döwri boldy. Garaşsyzlyk ýyllarynda welaýatyň çäginde taryhyň sahypasyna altyn harplar bilen ýazylan şanly wakalar barmak büküp sanardan köp. Şeýle wakalar halk hojalygynyň ähli ugurlaryny öz içine aldy. Şonuň üçin Gaşsyzlygyň beren datly miwelerini — adamlaryň ýaşaýyş-durmuşyny, medeniýetini ýokarlandyrmaga gönükdirilen oňyn özgertmeleri beýleki pudaklar bilen bir hatarda oba hojalyk pudagynda hem görmek bolýar.

Garaşsyzlyk ýyllarynyň içinde oba hojalyk pudagynda pagtaçylyk bilen bir hatarda ekerançylygyň gallaçylyk pudagy hem ösüş ýoluna düşdi. Bu günki gün welaýatyň çägindäki ekerançylyk meýdanlarynyň 300 müň gektara golaýy gowaçanyň we bugdaýyň paýyna düşýär. Şonça meýdanyň 145 müň gektary bolsa, güýzlük bugdaý ösdürilýän ekin meýdanlarydyr. Häzirki döwürde welaýatyň ekin meýdanlarynyň ýüzlerçe müň gektaryna her ýyl gowaçanyň, bugdaýyň naýbaşy sortlary ekilip, sahawatly toprakdan bol hasyl alynýar.

Şöhrat ABDYÝEW,
öz habarçymyz