UMUMYMILLI FORUM: döwletli çözgütler, aýdyň maksatlar

3 Oktýabr 2024
447

Işe täzeçe çemeleşme

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly toýunyň bosagasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň geçirilmegi indi asylly däbe öwrüldi. Ählihalk forumyna gatnaşmagymyz milli buýsanjymyzy, baýramçylyk şatlygymyzy has-da artdyrdy. Mejlisde ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmek, halkymyzyň hal-ýagdaýyny, ýaşaýyş derejesini has-da gowulandyrmak babatdaky meselelere seredilip, birnäçe oňyn çözgütler kabul edildi. Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň taryhy çykyşlary maliýe işgärlerinde-de aýratyn täsir galdyryp, işimizi şu günüň talabyna laýyk derejede, täzeçil guramaga, gözlegli we has döredijilikli, netijeli zähmet çekmäge ruhlandyrdy. Mejlisde Gahryman Arkadagymyz ykdysadyýetimiziň pudaklarynda amala aşyrylýan özgertmeleriň ilatyň iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmaga mümkinçilik berýändigini aýtdy. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, «Türkmenistanyň zähmet bazaryny 2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» kabul edilmegi iş üpjünçiligi boýunça halkara guramalar, daşary ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy giňeltmekde, hususan-da, Halkara Zähmet Guramasynyň konwensiýalaryna goşulmakda möhüm ädim bolar. Döwletli maslahatyň barşynda Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleri indiki ýyl hem üstünlikli ýerine ýetirmek üçin, «Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» işläp taýýarlamagy hem-de ony Halk Maslahatyna hödürlemegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyzyň taryhy çykyşynda ýurdumyzyň welaýatlaryny ösdürmek, täze iş orunlaryny döretmek bilen bagly aýdanlary maliýe ulgamynyň hem düzümleriniň öňünde goýlan esasy wezipelerdir. Öňde goýlan belent maksatlar, kesgitlenen wezipeler işimizi döwrebap derejede, täzeçe guramaga aýdyň çelgi boldy.