Il-halkyň bir iş tutsa...

2 Oktýabr 2024
362

Mähriban halkymyz hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň ykbalyna nur çaýan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk şanly baýramçylygyny uludan belledi. Halkymyz uly joşguna beslenen bu nurana baýramçylyga her ýyl sabyrsyzlyk bilen garaşýar. Mukaddes Garaşsyzlyk, onuň taryhy ähmiýeti hakynda gürrüň gozgalanda, Gahryman Arkadagymyzyň aýdan çuň manyly sözleri hakydaňa gelýär: «Ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllary içinde adamlaryň dünýägaraýşy hem özgerdi we has kämilleşdi. Olar erkin we özbaşdak durmuşyň hözirini görüp ýaşaýarlar. Garaşsyzlygyň olara näme berýändigini we geljekde näme berjekdigini, öz ykbalyna nähili täsir etjekdigini duýdular». Mukaddes Garaşsyzlyk baýramçylygynyň öňüsyrasynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi ýurdumyzyň mundan beýläkki ösüşlerinde möhüm ähmiýete eýe boldy. Ýurdumyzda halk hojalygynyň ulgamlarynyň öňünde durýan möhüm wezipeler kesgitlendi, il-ýurt ähmiýetli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň çuň parasata ýugrulan döwlet syýasatynyň netijesinde mähriban halkymyz bu ýyl hem şanly Garaşsyzlyk baýramçylygyna syýasy, ykdysady, medeni ulgamlarda gazanan ägirt uly üstünliklerini, bitiren beýik işlerini peşgeş etdi. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ata Watanymyz jahanda çalt ösýän kuwwatly döwletleriň hataryna üstünlikli goşuldy. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» göz öňünde tutulan ýyllyk meýilnamalar netijeli amala aşyrylýar.

Oguljamal GELDYMUHAMMEDOWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň ylym bölüminiň başlygy, ykdysady ylymlaryň doktory, professor.