Döwletlilikden nyşan

2 Oktýabr 2024
383

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda eziz Diýarymyzyň döwlet Garaşsyzlygynyň şanly 33 ýyllyk toýy uly zähmet üstünlikleri bilen baýram edildi. Ýurdumyzyň baş baýramynyň dabaraly bellenilýän günleriniň öňüsyrasynda, döwletliligiň, agzybirligiň, jebisligiň, erkinligiň nyşany bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Halk Maslahaty Garaşsyz döwletimiziň syýasy, ykdysady, jemgyýetçilik, medeni taýdan berkitmek ugrunda esasy sütünleriň biri bolup, döwlet bilen halkyň bitewüliginiň subutnamasydyr.

Bu maslahat döwletli maslahat boldy, halkymyzyň bagtyýar durmuşy üçin gönükdirilen möhüm çözgütler kabul edildi. Milli Liderimiziň çykyşynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny ösdürmek, ýokary we ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalara esaslanýan gaýtadan işleýän önümçilik pudaklaryny ösdürmek, ylym, bilim, medeniýet ulgamlaryny kämilleşdirmek, aň-bilim işine gyzyklanmany ýokarlandyrmak babatda öňde goýan wezipeleri ýurdumyzyň geljekki ösüşleriniň binýadyny pugtalandyrar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde kabul edilen taryhy Kararlardyr çözgütler bolsa bizi ýaşlara döwrüň talabyna görä bilim bermäge, has netijeli zähmet çekmäge ruhlandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň raýatlaryň eşretli ýaşaýşy, Watanymyzyň gülläp ösüşi ugrunda edýän taýsyz tagallalaryny tüýs ýürekden goldaýarys. Şeýle bagta eýe edendigi üçin döwlet Baştutanymyza sagbolsun aýdýarys.

Güljahan BAÝJANOWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy.