Zähmet çekseň, rehnedi bar

2 Oktýabr 2024
489

Bu günler Sapargül ejäni ideýän adamlar adatdaky günlerden has köp. Sebäbi ol Garaşsyzlyk baýramymyzyň 33 ýyllygy mynasybetli hormatly Prezidentimiziň gol çeken Permanyna laýyklykda Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» diýen medalyna mynasyp boldy. Uzakdan-ýakyndan tanyş-bilişleri durmuşyndaky ýatdan çykmajak şatlykly waka bilen ony gyzgyn gutlaýarlar.

Biziňem gutlaglarymyz ýakymly pursatlaryň dowamy boldy. Söhbedimiz gyzyşyp gitdi. Zähmetinden hormata ýeten zenan söhbediniň başyny hormatly Prezidentimize tüýs ýüreginden çogup çykýan alkyşlaryndan başlady. Päk kalpdan çykýan sözlerde daýhan zenanyň sada kalby, zähmetsöýerligi, hoşgöwünli ynsana mahsus bolan ähli ajaýyp häsiýet-sypatlary edil aýnada gören ýalydy.

Ilmyrat ALLABERDIÝEW,
ýörite habarçymyz.