Türkmenistan — Koreýa: strategik hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri giňeldilýär

28 Iýul 2023
720

Türkmenistan döwletimiz dünýäniň depginli ösýän ykdysadyýetleriniň birine eýe bolan Koreýa Respublikasy bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ählitaraplaýyn pugtalandyrmaga uly ähmiýet berýär. Şu jähetden, 20-21-nji iýulda Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygynyň Türkmenistana bolan resmi sapary ikitaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygyň täze ugurlarynyň binýady boldy.

Koreýa Respublikasy Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny ykrar eden ilkinji döwletleriň biridir. Bu döwlet Aziýa — Ýuwaş umman sebitinde ygtybarly hyzmatdaşlarymyzyň biri hasaplanýar. Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 7-nji fewralynda ýola goýuldy.

Atamyrat ÝAZWELIÝEW,
«Nesil».