Ykdysady hyzmatdaşlygyň netijeliligi

7 Iýul 2023
565

Bilşimiz ýaly, ýakynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza Saud Arabystany Patyşalygyna sapary wagtynda Yslam ösüş bankynyň prezidenti Ahmad Mohammad Ali Al-Madani tarapyndan «Yslam ösüş banky we doktor Ahmad Mohammad Ali. Institutyň taryhy we onuň prezidentiniň ýoly» atly kitabyň sowgat berilmegi ýurdumyzyň ykdysady durmuşynda uly ähmiýete eýe boldy. Şoňa görä-de, 6-njy iýulda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda bu kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Gahryman Arkadagymyza ýokarda ady agzalan kitabyň gowşurylmagy ýurdumyzyň syýasy durnuklylygyna, ykdysady mümkinçilikleriniň ösüşine, Türkmenistanyň Yslam ösüş banky bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygynyň şanyna berlen sowgat boldy. Kitap bu halkara düzümiň taryhyna, şu gününe we onuň ýerine ýetirýän işine bagyşlanandyr. Neşirde banka agza ýurtlar, şol sanda Türkmenistan bilen bagly alnyp barylýan hyzmatdaşlyk, ýurdumyzyň ykdysady ösüşlerini özünde jemleýän maglumatlar beýan edilýär.

Mährijemal MÄMEDOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň uly mugallymy.