"Arkadag" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Arkadag şäheri, Arkadag şaýoly, 28
Telefon belgileri: 57-39-65, 57-39-66
Email: arkadag_gazeti@sanly.tm

Habarlar

Ajaýyp sungat

Häzirkizaman multfilmleri göwrümi taýdan tapawutlanyp, olaryň arasynda edil çeper filmler ýaly 2 sagada golaý dowam edýänleri-de bar. Şeýle multfilmleriň biri-de 2010-njy ýylda tomaşaçylara ýetirilen «Rapunsel: çylşyrymly waka» atly multfilmdir. Bu multfilm «Walt Disney Pictures» studiýasynyň 50-nji eseridir. Multfilmiň gahrymany Rapunseliň saçynyň uzynlygy 21 metre barabar bolup, ol 100 müň sany tardan ybaratdyr. Bu multfilm 3D görnüşinde düşürilensoň, baş gahryman Rapunseliň saçlarynyň her bir tary mese-mälim görünmegi eseriň utuşly tarapydyr. Multfilmde çyralaryň asmana uçurylyş dabarasy suratlandyrylýar. Multfilmiň şu sahnasy üçin suratkeşler 3000 adamyň suratyny çekmeli bolupdyrlar. Elbetde, bu ýagdaý bir multfilmde iň köp adamyň keşbi suratlandyrylan sahna hökmünde taryha giripdir. «Walt Disney Pictures» studiýasynyň «Doň ýürek» atly multfilmi hem tomaşaçylaryň söýgüsini gazanan eserdir. Bu multfilm Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynda «Iň girdejili multfilm» hökmünde orun aldy. Iki gyz dogan bolan Elza hem-de Annanyň başdan geçirenleri diňe çagalary däl, eýsem, uly ýaşly tomaşaçylary-da özüne çekdi. Bu studiýanyň ýene bir önümi bolan «WALL-I» multfilmi hem köpleriň ünsüni çeken eserdir. «WALL-I» multfilmi dünýäniň kino äleminde iň abraýly «Oskar» baýragyna eýe boldy. Bu bolsa, elbetde, «Walt Disney Pictures» studiýasynyň hünärmenleriniň täzeçillige çemeleşýän, tomaşa

Milli terbiýeçilik mekdebi – kämil şahsyýetiň kemala gelmeginiň gözbaşy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz tarapyndan milli ruhy-ahlak ýörelgelere uly üns berilýär. Döwrüň  ýaşlaryna  ynsanperwerlik, ruhubelentlik, paýhaslylyk, rehimdarlyk, kiçigöwünlilik, asyllylyk, sadalyk, halallyk, sabyr-kanagatlylyk, gülerýüzlülik, durnuklylyk, dogruçyllyk, maksada okgunlylyk, Watana, il-ulsa wepalylyk ýaly  gowy gylyk-häsiýetler  mahsus bolmalydyr. Ýurdumyzda ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, päk ýürekden we joşgunly zähmet çekmegi üçin ähli şertler döredilýär. Şonuň üçin hem, arassa, halal işlemek, eziz Watanymyza päk ýürekden gulluk etmek bolsa biziň her birimiziň borjumyzdyr. Ýaş nesle berilýän terbiýäniň halallyk we halal zähmet bilen utgaşykly alnyp barylmagy jemgyýetde arassa kalply, päk ahlakly, dogruçyl, kämil şahsyýetiň kemala gelmegine ilkinji ruhy gözbaş bolup hyzmat edýär. Türkmen halkynyň milli terbiýeçilik mekdebi - munuň özi  ynsanyň ýüreginde bar bolan  gowy häsiýetlerini ýüze çykarmaga täsir etmegini we daşky  gurşawyň oňat  ýörelgelerini endik  etmegini  gazanmakdyr. Ynsany halal we ruhubelent  ýaşamaga, mydama  netijeli hereketde  bolmaga  gönükdirmekdir. Onda mukaddes zatlary söýmek, ýaramaz endikleri  ýigrenmek häsiýetini oýarmakdyr. Ata-enäniň alan deri, halal zähmeti, ýagşy gylyk-häsiýetleri perzentler üçin uly

Mukama siňen ömür

«Meşhur şahslar öz halkyny beýiklige göterýär» diýen jümläniň mazmuny bilen her bir adam ylalaşýandyr. Sebäbi asyrlarboýy geçilen menzillerde munuň şeýledigini tassyklaýan mysallara duşmak asla çetin däl. Bütin ynsanyýetiň taryhynda yz goýup, aňynda orun alan belli şahslaryň özleri haýsy döwür-haýsy zamanada ýaşap geçendigine seretmezden, gör, niçe aý-ýyllar ötse-de, olaryň meşhur bolan atlary ýaşamagyny dowam edýär. Bitiren beýik işleriň, döreden eserleriň bilen meşhur bolmak öz halkyň mertebe merduwanyndaky basgançaklaryň birine öwrülip, hakydalarda baky ýaşap ýörmek diýildigi dälmidir?! Akylyňy haýran edýän ajaýyp saz eserlerini ynsanyýete bagyş eden türkmeniň meşhur saz ussady Nury Halmämmedow hem dünýä belli kompozitorlaryň hatarynda ady tutulyp, ýaşamagyny dowam edýär. Onuň döreden eserleri bu gün türkmen aýdym-saz sungatyny söýüjileriň ýüreklerine siňip, beýikligini dünýä äşgär edýär.

Teatryň artistleri okuwçylaryň arasynda

Lebabyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynyň artistleri Kerki etrabynda döredijilik iş saparynda boldular. Olar mekdeplerde myhmançylykda bolup, okuwçylaryň öňünde gülküli sahna oýunlary bilen çykyş etdiler. Teatryň režissýory Perhat Hudaýberenowyň aýtmagyna görä, saparyň esasy maksatlarynyň biri ösüp gelýän ýaş nesli teatr sungaty bilen tanyşdyrmakdan, ýaşlarda sungata söýgi döretmekden ybaratdyr. Artistler saparyň dowamynda tomaşaçylar bilen sowal-jogap hem alyşdylar.

Türkmen alabaýyna bagyşlandy

Ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli Mary welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Türkmen alabaýy» atly sergi guraldy. Sergide uzak taryhyň dowamynda mertligi, edermenligi, parasatlylygy bilen giňden belli bolan alabaý itiniň Mary welaýatynyň çäginde ýerleşýän taryhy-medeni ýadygärliklerden tapylan toýundan ýasalan heýkeljikleri, türkmen we daşary ýurtly alymlaryň dürli ýyllarda ýazan taryhy ylmy monografiýalaryna girizilen fotosuratlary görkezilýär. Şeýle-de sergide maryly suratkeşleriň we heýkeltaraşlaryň alabaý itine bagyşlap döreden sungat eserlerine uly orun berilýär.

Aladdin hakynda erteki

Şu günler Türkmen döwlet gurjak teatrynyň režissýory Geldimyrat Almämmedow Gündogar halklarynyň Aladdin baradaky ertekileri esasynda «Aladdin» atly spektakly sahnalaşdyrmaga girişdi. Ýakyn günlerde körpeler hem-de uly ýaşly tomaşaçylara görkeziljek täze spektaklda teatryň M.Haýdarow, O.Bäşimowa, G.Mämmetgulyýewa, Ş.Ataýewa ýaly zehinli artistlerine dürli häsiýetli gahrymanlaryň keşplerini janlandyrmak ynanylypdyr.

Daş, çüý­şe sun­ga­ta öw­rü­len­de...

«7/24.tm»№ 43 (178) 23.10.2023 Çüý­şe ýa-da daş bö­le­jik­le­rin­den dür­li gör­nüş­li şe­kil­le­ri, na­gyş­la­ry dö­ret­mek sun­ga­ty ga­dy­my dö­wür­ler­den bä­ri meş­hur bo­lup­dyr. Kem-kem dün­ýä­niň çar kün­jü­ne ýaý­ran bu sun­ga­tyň ösü­şi­ne her ýurt öz go­şan­dy­ny go­şup­dyr. Şo­nuň ne­ti­je­sin­de-de mo­zai­ka sun­ga­ty­nyň dür­li mek­dep­le­ri dö­räp­dir.

Wenada ýaňlanan dostluk owazlary

Golaýda Awstriýanyň paýtagty Wena şäherinde ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda Gündogaryň nusgawy şahyry we beýik türkmen akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli konsert geçirildi. Bilşimiz ýaly, Awstriýa bilen Türkmenistanyň arasynda medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygyň gerimi ýyl-ýyldan giňeýär. Golaýda Arkadag şäherinde V Wena balynyň we «Galkynyş» türkmen-awstriýa simfoniki orkestriniň konsertiniň üstünlikli geçirilmegi iki ýurduň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň taryhynda ajaýyp wakalar boldy. Olaryň yzysüre paýtagtymyzdaky Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde guralan «Galkynyş» türkmen-awstriýa simfoniki orkestriniň konserti hem medeni baýramçylyga öwrüldi. Şol günlerde Aşgabatda saparda bolýan Wena şäheriniň wekiliýetiniň agzalary bilen duşuşykda-da bilelikdäki medeni çäreleri geçirmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýurdumyzyň sungat wekiliýetiniň Ýewropanyň saz paýtagtyna şu gezekki döredijilik saparyny hem iki döwletiň arasyndaky medeni dialogda öňde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmekde möhüm waka hökmünde görkezmek bolar.

Sungat halklary dostlaşdyrýar

Asyrlaryň dowamynda türkmen we tatar halklary doganlyk gatnaşyklary saklap gelýärler. Olary ruhy däpler, medeni gymmatlyklarynyň umumylygy birleşdirýär. 17 — 19-njy oktýabrda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň geçirilmegi munuň aýdyň subutnamasy boldy.

Tatarystanyň Medeniýet günleri geçirildi

17-nji oktýabrda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy. Giň gerimli dabaranyň çäginde döredijilik çäreleri, şol sanda sungat ussatlarynyň konserti, tatar senetçileriniň däp bolan çeper sergisi, şeýle hem Tatarystan Respublikasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen taryhy-medeni ýadygärliklerine bagyşlanan surat sergisi guraldy. Bu ýere medeniýet ulgamynyň ýolbaşçylary, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, döredijilik işgärleri, paýtagtymyzyň ýaşlary we doganlyk tatar halkynyň sungatynyň muşdaklary ýygnandylar. Myhman wekiliýetiň düzüminde medeniýet ulgamynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri, Tatarystan Respublikasynyň döwlet edaralarynyň işgärleri bar.

Sungat — dostlugyň ýoly

Düýn Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň ýurdumyzdaky Medeniýet günleriniň dabaraly ýapylyşy we sungat ussatlarynyň bilelikdäki konserti boldy. Geçirilen dostluk konsertiniň maksatnamasyny nusgawy hem-de häzirki zaman aýdym-sazlary, tans we döredijilik çykyşlary düzüp, iki halkyň özboluşly däp-dessurlary şöhlelendirildi. Halklarymyzyň agzybirligini, dostlugy we parahatçylyk söýüjiligi wasp edýän mukamlar türkmen we tatar aýdymçylary tarapyndan joşgunly ýerine ýetirildi. Tomaşaçylar zehinli sungat ussatlarynyň çykyşlaryny şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar. Medeniýet günleriniň çäklerinde, öňňin paýtagtymyz Aşgabatda halk senetçiligine bagyşlanan «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik, iki ýurduň kino bilermenleriniň duşuşygy we tatar kinofilmleriniň görkezilişi boldy. Şol gün Mary welaýatynda-da medeni çäreler geçirildi. Medeni forumyň geçirilen günlerinde myhmanlar tatar medeniýetiniň we sungatynyň köpdürli öwüşgini bilen tanyşdyrdylar. Üç gün dowam eden Medeniýet günleri Aşgabatda we Maryda uly üstünliklere beslendi. Mukamlar köşgüniň giň foýesinde şöhlelendirilen dostlukly ýurduň senetçilik we amaly-haşam sungatynyň, şeýle hem Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen taryhy-medeni ýadygärliklerine bagyşlanan fotosura

TÜRKSOÝ-nyň Muzeýler birleşiginiň II maslahaty

Ýakynda Azerbaýjan Respublikasynyň Baku we Şuşa şäherlerinde Türki medeniýetiň halkara guramasy tarapyndan TÜRKSOÝ-nyň Muzeýler birleşiginiň II maslahaty hem-de Türki dünýäniň I medeniýet forumy geçirildi. Bilşimiz ýaly, Azerbaýjan Respublikasynyň Şuşa şäheri 2023-nji ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilipdi. Geçen 2022-nji ýylda bu derejä Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäheri eýe bolupdy. Şol ýyl guramanyň Bursa şäherinde geçirilen 39-njy mejlisinde bolsa Änew şäheri 2024-nji ýyl üçin «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edildi. Bu baradaky degişli karary TÜRKSOÝ-na agza döwletleriň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşi kabul etdi. «Türki dünýäniň medeni paýtagty» atly taslama türki halklaryň medeniýetiniň mümkinçiliklerini äşgär edip, olaryň mirasyna ünsi çekmekden ybaratdyr. Bu taslama boýunça her ýyl türki dilli ýurtlaryň dürli şäherlerinde medeni çäreleriň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Munuň özi halkara jemgyýetçiligi türki halklaryň medeniýeti bilen tanyşdyrmaga mümkinçilik berýär.

«Arkadagyň säheri» — hakyky kino baýramçylygy

14-15-nji oktýabrda Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda «Arkadagyň säheri» atly halkara kinofestiwal geçirildi. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň kinematograflarynyň gatnaşmagynda geçirilen döredijilik çäresi Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti tarapyndan ýurdumyzda ilkinji gezek guraldy. Kinofestiwalyň açylyş dabarasyna ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, Arkadag şäheriniň ýaşaýjylarydyr myhmanlary, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Russiýanyň, Türkiýäniň, Fransiýanyň aktýorlary, režissýorlary, kino, teatr artistleri, prodýuserleri gatnaşdylar.

Türkmen teatrynyň halkara üstünligi

Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň döredijilik topary golaýda Gazagystan Respublikasynyň Taldykurgan şäherinde Biken Rymowanyň doglan gününiň 100 ýyllyk ýubileýi mynasybetli geçirilen «Biken» atly I halkara teatr festiwalyna gatnaşdy. Teatryň artistleri festiwalyň tomaşaçylaryna Türkmenistanyň at gazanan artisti, režissýor Handurdy Berdiýewiň sahnalaşdyran «Magtymguly» atly sahna oýnuny görkezdiler. Onda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň eserleriniň adamzat medeniýetiniň ösüşine goşandy çeper beýan edilýär. Sahna oýnuna tomaşa edenler halkymyzyň beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň döredijilik dünýäsi, şygyr mirasy barada gymmatly maglumatlar bilen tanyşdylar. Şunlukda, sahna eseri festiwalyň tomaşaçylarynyň gyzgyn söýgüsini gazandy.

Halklary ysnyşdyran festiwal

14-15-nji oktýabrda Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda «Arkadagyň säheri» atly halkara kinofestiwal geçirildi. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de Russiýanyň, Fransiýanyň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň sungat ussatlaryny özünde jemlän bu giň gerimli döredijilik çäresi Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti tarapyndan ýurdumyzda ilkinji gezek guraldy. Ýatdan çykmajak festiwalyň açylyş dabarasyna şol ýurtlaryň aktýorlary, režissýorlary, kino, teatr artistleri, prodýuserleri gatnaşdylar. Halklary ysnyşdyran festiwal tanyşdyrylyş dabaralary, aýdym-sazly döredijilik çykyşlary bilen açylyp, 15-nji oktýabrda — jemleýji gününde festiwalyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy bilen hem tamamlandy. Ýagny Gazagystanyň «Gopuz», Täjigistanyň «Sary çeşme», Türkmenistanyň «Toý köýnek», «Umyt», «Nesibe», Özbegistanyň «Üzüm», «Meniň arzuwym Özbegistan», Gyrgyzystanyň «Umyt», «Öz kakasynyň ogly», «Poçtaçy» filmleri hem-de «TRT» teleýaýlymynyň Türkmenistandaky wekilhanasy, Türkiýäniň «Bozdag Group» kompaniýasy, Russiýa Federasiýasynyň «Ahalteke» atly filmi diplomlara we gymmat bahaly sowgatlara mynasyp boldy. Kinofestiwalda 3-nji orny eýelän Gazagystanyň «Sary ömür», 2-nji orny eýelän Gyrgyzystanyň «Gelin heýkeli» atly filmleriniň döredijilik toparlaryna gymmat bahaly sylaglar, «Kagyza ýazylan ykbal» atly türkmen filminiň reži

Sungatlar sözleşende

Medeniýet, sungat halklaryň ruhy dünýäsi barada açyk-aýdyň söz açýanlygy bilen asyrlaryň dowamynda ynsanlary birleşdirýän köpri bolup gelipdir. Şonuň üçin-de asyrlar içre dowam edip gelen gatnaşyklar halklaryň ruhy dünýäsinde-de ýakynlygy emele getirýär. Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri hem iki halkyň arasyndaky ruhy ýakynlygy nobatdaky gezek äşgär etdi. Dostluk baýramçylygyna beslenen Medeniýet günleriniň Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçirilen açylyş dabarasynyň çäginde döredijilik çäreleri, şol sanda sungat ussatlarynyň konserti, tatar senetkärleriniň işleriniň, şeýle hem Tatarystan Respublikasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen taryhy-medeni ýadygärliklerine bagyşlanan sergisi guraldy.

Saklanyp galan pursatlar

Suratda: uzak ýyllaryň dowamynda ozalky Alty Garlyýew, häzirki Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginde daşary ýurt kinofilmlerini türkmen diline terjime eden, soňra «Türkmenistan» gazetinde zähmet çeken halypa terjimeçi hem-de žurnalist Gurbanmuhammet Rejebow iş başynda (1997 ý.).

Medeniýet günlerindäki tanyşlyk

Gulnaz Ismagilowa,Russiýa Federasiýasynyň Suratkeşler Birleşmesiniň we Tatarystan Republikasynyň Senetçiler palatasynyň agzasy: — Meniň Türkmenistana ilkinji gezek gelişim. Siziň şeýle täsin hem ajaýyp ýurduňyz meni haýran galdyrdy. Aşgabadyň dürli ýerlerine gezelenç etdim. Watanyňyza muzeý diýsemem gelişmän duranok. Siziň milli däp-dessurlaryňyz, edep-ekramyňyz, milli gymmatlyklaryňyz tutuş dünýä nusgalykdyr. Men gadymy milli gymmatlyklara uly sarpa goýýaryn. Meniň esasy hünärim hatdat. On ýyl bäri arap ýazuwy hem-de nagyşlara gyzyl çaýmak sungaty bilen meşgullanyp gelýärin. ABŞ, Hindistan, Türkiýe, Alžir, Eýran, Özbegistan ýaly dürli ýurtlarda bolup, 60-dan gowrak halkara sergilere gatnaşdym. Bu gün bolsa şeýle ajaýyp ýurtda — Türkmenistanda geçirilýän Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň medeniýet günlerine gatnaşýandygyma buýsanjymyň çägi ýok. Goý, bütin dünýä ýüzünde şular ýaly ruhy lezzet paýlaýan döredijilik çäreleri dowamly bolsun!

Taryhy drama sahnalaşdyrylýar

Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Döwlet drama teatrynyň režissýory Öwezmämmet Galandarow şahyr Oguljennet Bäşimowanyň edebi esasyny ýazan “Gilgameş” atly adybir taryhy dramasyny sahnalaşdyrmaga girişdi. Bu günki günde diňe türkmen däl-de, eýsem, dünýä edebiýatynyň görnükli nusgawy eseri hasaplanylýan “Gilgameş” dessany esasynda sahnalaşdyrylýan täze spektakl halkymyzyň geçmiş-taryhynyň altyn sahypalaryny çeper keşpler arkaly suratlandyrýar. Ýakyn günlerde tomaşaçylara hödürlenjek spektaklda baş gahrymanlaryň keşplerini ýerine ýetirmek teatryň R.Nazgurbanow, A.Berdiýewa, M.Sätiýew, A.Nepesowa ýaly belli artistlerine ynanyldy. Taryhy dramanyň sahna bezegini we oňa gatnaşýan artistleriň eginbaşlaryny teatryň suratkeşi Kuwwat Mämmetnepesow ýerine ýetirdi.

Ähli döwürleriň kompozitory

19-njy oktýabrda Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi, kompozitor Nury Halmämmedowyň doglan gününiň 85 ýyllygy mynasybetli Daşoguz şäher bagşylar muzeýinde “Süňňi owaz, zanny saz” atly sergi guraldy. Ýaşan manyly ömrüni milli aýdym-saz sungatymyzyň ösmegine bagyşlan, “ähli döwürleriň kompzitory” diýlip ykrar edilen halypa kompozitoryň ýubileýi mynasybetli guralan sergide türkmen we daşary ýurtly sazşynaslaryň onuň ömri we döredijiligine bagyşlap dürli ýyllarda ýazan kitaplary, kompozitoryň durmuş we sungat ýoluny şöhlelendirýän fotosuratlar hem-de onuň öz halkyna miras galdyran ajaýyp aýdymlardyr sazlarynyň ýazgylary giňden ýaýbaňlandyrylýar.