Ajaýyp sungat

25 Oktýabr 2023
510

Häzirkizaman multfilmleri göwrümi taýdan tapawutlanyp, olaryň arasynda edil çeper filmler ýaly 2 sagada golaý dowam edýänleri-de bar. Şeýle multfilmleriň biri-de 2010-njy ýylda tomaşaçylara ýetirilen «Rapunsel: çylşyrymly waka» atly multfilmdir. Bu multfilm «Walt Disney Pictures» studiýasynyň 50-nji eseridir. Multfilmiň gahrymany Rapunseliň saçynyň uzynlygy 21 metre barabar bolup, ol 100 müň sany tardan ybaratdyr. Bu multfilm 3D görnüşinde düşürilensoň, baş gahryman Rapunseliň saçlarynyň her bir tary mese-mälim görünmegi eseriň utuşly tarapydyr. Multfilmde çyralaryň asmana uçurylyş dabarasy suratlandyrylýar. Multfilmiň şu sahnasy üçin suratkeşler 3000 adamyň suratyny çekmeli bolupdyrlar. Elbetde, bu ýagdaý bir multfilmde iň köp adamyň keşbi suratlandyrylan sahna hökmünde taryha giripdir.

«Walt Disney Pictures» studiýasynyň «Doň ýürek» atly multfilmi hem tomaşaçylaryň söýgüsini gazanan eserdir. Bu multfilm Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynda «Iň girdejili multfilm» hökmünde orun aldy. Iki gyz dogan bolan Elza hem-de Annanyň başdan geçirenleri diňe çagalary däl, eýsem, uly ýaşly tomaşaçylary-da özüne çekdi. Bu studiýanyň ýene bir önümi bolan «WALL-I» multfilmi hem köpleriň ünsüni çeken eserdir. «WALL-I» multfilmi dünýäniň kino äleminde iň abraýly «Oskar» baýragyna eýe boldy. Bu bolsa, elbetde, «Walt Disney Pictures» studiýasynyň hünärmenleriniň täzeçillige çemeleşýän, tomaşaçylaryň söýgüsini gazanmak üçin yhlas bilen zähmet çekýän hakyky ussatlardygyny aňladýar.

Umyt KAKABAÝEW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby.