Wenada ýaňlanan dostluk owazlary

21 Oktýabr 2023
556

Golaýda Awstriýanyň paýtagty Wena şäherinde ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda Gündogaryň nusgawy şahyry we beýik türkmen akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli konsert geçirildi.

Bilşimiz ýaly, Awstriýa bilen Türkmenistanyň arasynda medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygyň gerimi ýyl-ýyldan giňeýär. Golaýda Arkadag şäherinde V Wena balynyň we «Galkynyş» türkmen-awstriýa simfoniki orkestriniň konsertiniň üstünlikli geçirilmegi iki ýurduň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň taryhynda ajaýyp wakalar boldy. Olaryň yzysüre paýtagtymyzdaky Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde guralan «Galkynyş» türkmen-awstriýa simfoniki orkestriniň konserti hem medeni baýramçylyga öwrüldi. Şol günlerde Aşgabatda saparda bolýan Wena şäheriniň wekiliýetiniň agzalary bilen duşuşykda-da bilelikdäki medeni çäreleri geçirmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýurdumyzyň sungat wekiliýetiniň Ýewropanyň saz paýtagtyna şu gezekki döredijilik saparyny hem iki döwletiň arasyndaky medeni dialogda öňde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmekde möhüm waka hökmünde görkezmek bolar.

(Ýörite habarçymyz).