"Arkadag" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Arkadag şäheri, Arkadag şaýoly, 28
Telefon belgileri: 57-39-65, 57-39-66
Email: arkadag_gazeti@sanly.tm

Habarlar

Özgertmeler syýasaty — rowaçlyklaryň gözbaşy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň: «Geljekde her bir maşgalanyň öýi hem-de jaýy bolar» diýen sözlerine laýyklykda, häzirki wagtda ilatyň ýaşaýyş jaýy bilen üpjünçiligi barha ýokarlanýar. Ýurdumyzda ähli amatlyklary bolan döwrebap ýaşaýyş jaý toplumlary yzygiderli gurulýar. Uzak möhletli we ýeňillikli bank karzlarynyň esasynda gurulýan ýaşaýyş jaýlary adamlar hakynda edilýän uly aladalaryň aýdyň nyşanydyr. Bu bolsa durmuş ugurly döwlet syýasatynyň rowaçlanýandygynyň subutnamasy bolmak bilen, raýatlaryň ýaşaýyş jaýyna bolan hukuklarynyň hem kepili bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 5-nji iýunynda welaýatymyza amala aşyran iş saparynyň dowamynda Daşoguz şäherinde birbada 8 sany köp öýli döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň açylmagy munuň aýdyň mysalydyr. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň uly üstünliklere beslenýän günlerinde akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giň gerimde bellenilmegi halkymyzyň baý edebi we medeni mirasyna goýulýan belent hormatyň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Bu babatda «Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň ähmiýetiniň örän uly bolandygyny buýsanç bilen bellemelidiris. Hormatly Prezidentimiziň: «Magtymguly baý many-mazmunly şygyrlary bilen türkmen we dünýä edebiýatynyň ösmegine uly goşant goşan beýik akyldardyr. Adamzat paýhasynyň ägir

Halk Maslahaty halkyň bähbidine

Milli ýörelgeleriň dabaralanmagy Ata-babalarymyzyň milli ýörelgeleriniň dowamata atarylýan täze taryhy eýýamynda Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Halk Maslahaty jemgyýetimizde halkymyzy jebisleşdiriji güýje eýe bolmak bilen, döwlet ähmiýetli beýik işleriň binýatlyk esaslaryny kesgitleýär. Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 12-nji iýulynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde paýtagtymyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini geçirmäge ýokary derejede taýýarlyk görmek barada beren tabşyryklaryndan ugur alnyp, 20-nji iýulda paýtagtymyzyň häkimliginde umumymilli forumy geçirmek boýunça guramaçylyk toparynyň mejlisi geçirildi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Karary esasynda, şu ýylyň 24-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini geçirmek bellenildi.

Zähmet gatnaşyklarynyň hukuk esaslary

Zähmet çekmäge bolan hukuk her bir raýatyň konstitusion hukugydyr. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, her bir adamyň zähmete, öz islegine görä hünär, kär we iş ýerini saýlap almaga, zähmetiň sagdyn we howpsuz şertlerine hukugy bardyr. Mejbury zähmet we çaga zähmetiniň ýaramaz görnüşleri gadagandyr. Hakyna durup işleýän adamlaryň öz çeken zähmetiniň möçberine we hiline laýyk gelýän hak almaga hukugy bardyr. Ýurdumyzda raýatlaryň zähmet hukuklary Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Zähmet kodeksi we gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalar arkaly kepillendirilýär. Iş beriji tarapyndan işgäri işe kabul etmek, zähmete hak tölemek, iş ornuny üýtgetmek, zähmet rugsadyny bermek, işden çykarmak we beýleki zähmet gatnaşyklarynyň kanunyň talaplaryna laýyk gelmegi ugrunda yzygiderli tagallalar edilýär.

Sport — parahatçylygyň, dost-doganlygyň gözbaşy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen sportunyň şan-şöhraty dünýä dolýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda türkmen türgenleriniň Olimpiýa oýunlarynda, halkara sport ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edip, Döwlet tugumyzy belentde parlatmaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Şu ýylyň 26-njy iýuly — 11-nji awgusty aralygynda Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlary ajaýyp sport baýramçylygyna öwrüler. Mälim bolşy ýaly, bu Olimpiýa oýunlaryna ýurdumyzyň türgenleri sportuň dzýudo, agyr atletika, ýeňil atletika we suwda ýüzmek görnüşleri boýunça gatnaşarlar. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň milli ýygyndy toparynyň agzalaryna şanly waka mynasybetli iberen Gutlagynda: «Olimpiýa oýunlary, halkara sport ýaryşlary sportuň üsti bilen parahatçylyk, dostluk, ylalaşyklylyk taglymlaryny durmuşa geçirmekde özboluşly gural bolup durýar» diýip belleýşi ýaly, Olimpiýa oýunlary dost-doganlygyň, parahatçylygyň gözbaşydyr.

Zenanlar guramasynda

Hasabat ýygnagy geçirildi Golaýda welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň hasabat ýygnagy geçirildi hem-de öňde durýan wezipeler kesgitlenildi.

Maşgala bagtyýarlygy — döwletiň ygtybarlylygy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe maşgala gatnaşyklary bilen bagly wezipeleriň hem oňyn çözgüdine aýratyn ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda her bir maşgalanyň bagtyýarlygyny üpjün etmek baradaky alada döwrebap häsiýetde durmuşa geçirilýär. Ýurdumyz dünýäde iň bagtyýar adamlaryň ýaşaýan mekany hasaplanýar. Şol bagtyýarlyk maşgaladan başlanýar. Maşgala näçe berk boldugyça, jemgyýet hem şonça baý bolar diýen parasatly hem dürdäne jümläniň mazmunyna maşgala gatnaşyklarynyň bitewüligini beýik tutumlary bilen berk ornaşdyran Gahryman Arkadagymyzyň bu ugurdaky tagallalaryny ýokary derejede durmuşa geçirmegi dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň yzygider aladalary bilen, bu günki gün her bir türkmen maşgalasyna bagtyň şuglasy nuruny saçýar. Maşgala gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän Maşgala kodeksiniň döwrüň öňe çykarýan wezipelerine laýyklykda yzygiderli kämilleşdirilmegi, ýaş maşgalalara döwlet tarapyndan ýeňillikleriň döredilmegi her bir adamda maşgala gymmatlygyna hem-de mukaddesligine bolan hormaty berkidýär. Bu günki gün ýaşlar täze taryhy döwürde özleri üçin döredilýän giň şertlerden we mümkinçiliklerden netijeli peýdalanýarlar. Bu maşgala gatnaşyklary babatda hem hut şeýle häsiýete eýedir. Çünki hormatly Prezidentimiziň taryhy çözgüdine laýyklykda, olar üçin döredilýän köptaraply ýeňillikler, ýaşlar baradaky döwlet

Çaga terbiýesi — ýagty ertirleriň gözbaşy

Ösüp gelýän ýaş nesilleriň terbiýesinde asylly ýörelgelerden ugur almak, milli ýolumyzy dowam etdirmek biziň baş maksadymyzdyr. Milli we ruhy-ahlak gymmatlyklara sarpa goýulýan ýurdumyzda adam hakyndaky aladany duýmak bolýar. Merdana ata-babalarymyz asyrlaryň dowamynda nesil terbiýesine uly üns beripdirler. Doglan gününden başlap, çaganyň geljekki durmuşyna täsir edip biljek gylyk-häsiýetler kemala gelip başlaýar. Şol sebäpden çaga terbiýesi aýratyn üns merkezinde saklanylmaly. Bu ugurda ata-eneleriň, mekdebe çenli bilim edaralarynyň işgärleriniň hyzmatdaşlykda işlemekleri has göwnejaýdyr. Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda: «Terbiýe iň gymmatly baýlykdyr, bilim we ylym bolsa terbiýäniň sütünidir. Ynsan dowamaty üçin iň gymmatly hazyna terbiýeli perzentdir» diýip bellemegi munuň aýdyň güwäsidir. Körpe nesillerimiziň döwrüň talabyna laýyklykda bilim almagyny üpjün etmek, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, eziz Diýarymyzda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenýän körpe nesilleriň ukyp-başarnyklaryny, döredijilik zehinlerini ösdürmek we ýüze çykarmak ugrunda birnäçe usullardan peýdalanylýar. Esasy özeni maşgaladan başlanýan nesil terbiýesi mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçileriniň wajyp wezipesidir.

Algyn pendim, jigerbendim!

Durmuşyň heňi sazyňa görä Durmuşyň sazlaşygy adamlar bilen gatnaşygyňda aýdyň duýulýar. Ynsan ömrüniň dowamynda özüniň nähili adamdygyny görkezýär. Halkymyzda: «Kimiň kimdigini wagt görkezer» diýlen aýtgy hem bar. Durmuş bize adalatly baha berýär. Ýollar bizi ýene-de menzilimize getirýär. Diýmek, durmuşyň her bir pursady biziň özümize bagly.

Hemmämiziň borjumyz

Howanyň  yssy günlerinde  ýurdumyzyň gözel tebigatyna gezelenje çykylanda, öri-sähra meýdanlarynda özüňi dogry alyp barmagyň kadalaryny anyk bilmelidiris we olary  ýerine ýetirmegi endik edinmelidiris. Şu derwaýys wezipelerden ugur alyp, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy şulary ýatladýar: Tebigatyň gözel ýerlerinde, tokaý seýilgählerinde, öri-sähra meýdanlarynda açyk ot ýakmak, çilim çekmek, söndürilmedik otluçöpi taşlamak, uçgun döredijileri ulanmak, çüýşe gaplaryny, aýna böleklerini we zir-zibilleri taşlap gitmek, çagalary gözegçiliksiz galdyryp, ot oýnamaklaryna ýol bermek, awtoulaglara ot-çöpli meýdanlarda tehniki hyzmatlary geçirmek gadagan edilýär.

Giň dünýäniň geň habarlary

Gün energiýasy bilen hereketlener «Aptera Motors» kompaniýasynyň ýakyn wagtlarda dünýä bazaryna çykarjak «Aptera» atly ulagy habar beriş serişdelerinde hyýalyň hakykata öwrülmesi hökmünde uly seslenmä eýe boldy. Häzirki wagtda bütinleý Gün energiýasy bilen hereketlenjek ulagyň synag-tejribe we önümçilik işleri tamamlaýjy tapgyrlarda dowam edýär. Önümçilik doly ýola goýlandan soň, kompaniýa bir ýylyň dowamynda müň sany ulag öndürmekligi göz öňünde tutýar. Emma kompaniýanyň hünärmenleriniň aýtmagyna görä, häzirki wagta çenli ulagyň diňe şu görnüşi üçin iki müňe golaý sargyt kabul edilipdir.

Ýurduň ösüşi — buýsandyryjy sepgitler

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet adam üçindir!”, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen ýörelgelerinden ugur alnyp, ýurdumyzyň ähli pudaklarynda, şol sanda ykdysadyýetinde, oba hojalygynda beýik işler amala aşyrylýar. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ýurdumyz beýik ösüşleri başdan geçirýär. Bu bolsa her birimiziň buýsanjymyzy goşalandyrýar. Ähli pudaklar bilen bir hatarda bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikler hem aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Aýratyn-da, ýurdumyzda ýaş nesilleriň döwrebap kemala gelmegi, bilimli, sowatly bolup ýetişmegi ugrunda bimöçber işler durmuşa ornaşdyrylýar. Has takygy, şu günler ýurdumyzyň ähli ýerinde ýokary okuw mekdeplerine okuwa girmek üçin resminamalar tabşyrylyp, dalaşgärler hasaba alynýar. Dalaşgärleri 2024 - 2025-nji okuw ýyly üçin bakalawr, hünärmen, magistr maksatnamalary boýunça ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine kabul etmek işleri gyzgalaňly dowam edýär. Welaýatymyzyň ýaşlary öz saýlap alan hünärleri boýunça dürli ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine resminamalaryny tabşyryp, giriş synaglaryna taýýarlyk görýärler. Ussat hünärmenler bolup, ata Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşantlaryny goşjak dalaşgärlere giriş synaglaryny üstünlikli tabşyryp, talyp adyna eýe bolmaklaryny arzuw edýäris.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabyndan

Türkmen ýaşlary we edebiýat barada gürrüň açanymyzda, gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan nusgawy edebiýatymyzyň wekilleriniň döredijiligine ýüzlenmek maksadalaýyk bolup durýar. Umuman, milli edebiýatyň asyl kökleriniň halk döredijiligine, «Görogly» eposyna, halk dessanlaryna birleşýändigi tebigy kanunalaýyklykdyr. Eýsem, Gündogaryň beýik akyldary, türkmeniň beýik şahyry we filosofy Magtymguly Pyragynyň eserleri ähli döwürler üçin bahasyna ýetip bolmajak ruhy gymmatlykdyr. Magtymgulynyň öz şygyrlarynda ýüzlenmedik temasy ýok diýen ýaly. Onuň watançylyk, ynsanperwerlik, il-halka wepalylyk, halallyk, belent adamkärçilik düşünjelerine ýugrulan eserleri ideýa-mazmun taýdan güýçli bolmak bilen, ýokary terbiýeleýjilik ähmiýete eýedir. Onuň ýaş nesli edep-terbiýä çagyryşly şygyrlaryndaky: Ulalanda iş hoş ýakmaz,

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk

Taryhy waka bolar Üstümizdäki — “Pähim--paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda döwlet ähmiýetli, il-gün bähbitli tutumly işler durmuşa geçirilýär. Şeýle bähbitli tagallalar bolsa, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanymyzy syýasy, ykdysady-durmuş we medeni taýdan durnukly ösdürmäge gönükdirilendir. Ajap eýýamymyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly içeri we daşary syýasaty belent sepgitlerde rowaç alýar.

Beýik başlangyçlar rowaç alýar

Abadan geljegiň ak ýoly Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyllary ýokary zähmet ýeňişleri, şanly wakalary bilen şöhratlanýar. Bu hakykaty üstümizdäki — “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylymyzyň guwançly sepgitleri, taryhy wakalary hem aýdyň subut edýär. Ajap eýýamymyzyň her bir gününde milli ykdysadyýetimizde gazanylýan ýokary görkezijiler mähriban Watanymyzyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylymyzda-da ösüş-özgerişli ýolumyza itergi berýär.

Guwanjymyz, buýsanjymyz Watandyr!

Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň her bir güni toý-baýramlara beslenýär. Peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda eziz Diýarymyz ösüşlerden-ösüşlere sary ynamly öňe barýar. Edebiýatyny, sungatyny, beýik şahsyýetlerini sarpalaýan halkymyz bu ýylda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny uly dabara besleýär. Halkara derejesinde dabaralanan bu baýram şahyra goýulýan uly hormatyň, sarpanyň aýdyň nyşanydyr. Beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny öwrenmekde we ony dünýä ýaýmakda beýik işleri amala aşyrýan, halkymyzyň medeniýetini, sungatyny ösdürýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys.

Döwrüň bagtly ynsanlary

Ýüregi ylhamly ene Ene kalby, ene mähri, ene söýgüsi, ene hüwdüsi — bularyň ählisi ynsan ganynda aýlanýan mukaddeslikdir. Ene hakyndaky beýik düşünje her bir ynsanyň ýüregine ornan iň ajaýyp duýgudyr. Çünki, eneler belent sarpanyň, çäksiz hormatyň, beýik söýginiň, mukaddes ojagyň eýeleridir.

Atam öýüme

Eziz, ojak, indi senden örmälim, Ýyllar geçdi, kerwen gurap aýlanyp.

Şahyra bagyşlanan ilkinji eserler

Beýik söz ussady, türkmen halkynyň beýik şahyry Magtymguly Pyragy hakynda söz açylanda, ol diňe bir türkmen halkynyň akyldary diýlip tanalman, eýsem, dünýä halklarynyň hem ony beýik akyldar, dana pähimdar hökmünde ykrar edýändigini bellemek zerurdyr. Beýik akyldaryň parasatly keşbi hemmämiziň kalbymyzda, dana sözleri aňymyzda orun alandyr. Ýazyjy-şahyrlarymyz beýik Magtymguly atamyzy öz şirin sözleri bilen taryp etseler, heýkeltaraşdyr suratkeşlerimiz onuň türkmen halkyna mahsus mertlik, agraslyk, mähremlik, danalyk ýaly duýgulara ýugrulan ajaýyp keşbini öz sungat eserlerinde janlandyrýarlar. Kompozitorlarymyz bolsa, beýik akyldara bagyşlap döreden, kalplary joşdurýan saz eserleri bilen onuň waspyny ýetirýärler. Şahyra bagyşlanyp döredilen sungat eserleri juda köp. Şolaryň ilkinjileri barada durup geçsek maksada laýyk bolar.

Nesil terbiýesi — wajyp wezipe

Netije başarnyga bagly Ajap eýýamymyzda ýaş nesle bilim we terbiýe bermegiň wajyp ýörelgesi gözbaşyny asyrlardan alyp gaýdyp, gadymy halkymyz bu meselä hemişe uly üns beripdir. Sebäbi, ata-babalarymyz ylymly-bilimli, edep-terbiýeli nesli abadan ertiriniň eýeleri hasaplapdyrlar. Dana pederlerimiziň şu ýörelgesinden ugur alýan Arkadagly Gahryman Serdarymyz bilim ulgamynyň işini kämilleşdirmekde giň möçberli işlere badalga berýär. Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyrylýar.

Ajaýyp Awazanyň melhem howasy, suwy, «Arzuwda» hasyl bolýar çagalaryň arzuwy

Tomus — 2024 Her bir çaga tomus paslynda deňziň kenarynda dynç almagyň, deň-duşlary bilen gyzykly oýunlary oýnamagyň, wagtyny şadyýan hem-de peýdaly geçirmegiň arzuwynda bolýar. Ýurdumyzda ýaş nesliň bu arzuwynyň hasyl bolmagy üçin Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ähli şert-mümkinçilikleriň döredilýändigi döwrümiziň ajaýyp hakykatydyr. Muňa «Türkmennebit» döwlet konserniniň ýokary derejeli «Gämi» myhmanhanalar toplumy we sagaldyş-dikeldiş merkeziniň «Arzuw» çagalar sagaldyş merkezinde dynç alýan çagalary göreniňde hem aýdyň göz ýetirýärsiň. Bu ýerde çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümini şat we sapaly, ýatda galyjy geçirmekleri üçin uly aladalar edilýär. Çagalar medeni çärelere, dürli bäsleşiklere, sport ýaryşlaryna uly höwes bilen gatnaşýarlar, özlerini gyzyklandyrýan güýmenjeleri bilen meşgul bolýarlar. Merkezde gyzyklanmaga zat köp. Çagalaryň dynç almaklary, wagtlaryny peýdaly we şadyýan geçirmekleri üçin ähli şertler döredilipdir. «Arzuw» çagalar sagaldyş merkezinde oýun oýnamak, bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmak üçin meýdançalar, tans zaly, kompýuter otagy, gurnaklar, kitaphana hereket edýär. Bu bolsa çagalaryň ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmekde uly ähmiýete eýedir.