Şahyra bagyşlanan ilkinji eserler

24 Iýul 2024
134

Beýik söz ussady, türkmen halkynyň beýik şahyry Magtymguly Pyragy hakynda söz açylanda, ol diňe bir türkmen halkynyň akyldary diýlip tanalman, eýsem, dünýä halklarynyň hem ony beýik akyldar, dana pähimdar hökmünde ykrar edýändigini bellemek zerurdyr.

Beýik akyldaryň parasatly keşbi hemmämiziň kalbymyzda, dana sözleri aňymyzda orun alandyr. Ýazyjy-şahyrlarymyz beýik Magtymguly atamyzy öz şirin sözleri bilen taryp etseler, heýkeltaraşdyr suratkeşlerimiz onuň türkmen halkyna mahsus mertlik, agraslyk, mähremlik, danalyk ýaly duýgulara ýugrulan ajaýyp keşbini öz sungat eserlerinde janlandyrýarlar. Kompozitorlarymyz bolsa, beýik akyldara bagyşlap döreden, kalplary joşdurýan saz eserleri bilen onuň waspyny ýetirýärler. Şahyra bagyşlanyp döredilen sungat eserleri juda köp. Şolaryň ilkinjileri barada durup geçsek maksada laýyk bolar.