Çaga terbiýesi — ýagty ertirleriň gözbaşy

24 Iýul 2024
187

Ösüp gelýän ýaş nesilleriň terbiýesinde asylly ýörelgelerden ugur almak, milli ýolumyzy dowam etdirmek biziň baş maksadymyzdyr. Milli we ruhy-ahlak gymmatlyklara sarpa goýulýan ýurdumyzda adam hakyndaky aladany duýmak bolýar. Merdana ata-babalarymyz asyrlaryň dowamynda nesil terbiýesine uly üns beripdirler. Doglan gününden başlap, çaganyň geljekki durmuşyna täsir edip biljek gylyk-häsiýetler kemala gelip başlaýar. Şol sebäpden çaga terbiýesi aýratyn üns merkezinde saklanylmaly. Bu ugurda ata-eneleriň, mekdebe çenli bilim edaralarynyň işgärleriniň hyzmatdaşlykda işlemekleri has göwnejaýdyr. Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda: «Terbiýe iň gymmatly baýlykdyr, bilim we ylym bolsa terbiýäniň sütünidir. Ynsan dowamaty üçin iň gymmatly hazyna terbiýeli perzentdir» diýip bellemegi munuň aýdyň güwäsidir.

Körpe nesillerimiziň döwrüň talabyna laýyklykda bilim almagyny üpjün etmek, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, eziz Diýarymyzda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenýän körpe nesilleriň ukyp-başarnyklaryny, döredijilik zehinlerini ösdürmek we ýüze çykarmak ugrunda birnäçe usullardan peýdalanylýar. Esasy özeni maşgaladan başlanýan nesil terbiýesi mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçileriniň wajyp wezipesidir.

Ogultäç ATAÝEWA,
Daşoguz şäherindäki 10-njy çagalar bakja-bagynyň müdiri.