"Arkadag" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Arkadag şäheri, Arkadag şaýoly, 28
Telefon belgileri: 57-39-65, 57-39-66
Email: arkadag_gazeti@sanly.tm

Habarlar

“Miras” žurnaly: alymlaryň türkmen halkynyň taryhy-medeni mirasyna ylmy garaýyşlary

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan çärýekde bir gezek neşir edilýän «Miras» ylmy-köpçülikleýin žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçýän şu ýyl şanly wakalara beslenip, şöhratly ata-babalarymyzyň we beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň taryhy-medeni mirasyna täzeçe nazar aýlamaga mümkinçilik döredýär. Medeni-ruhy gymmatlyklaryň özboluşlylygy, köpdürlüligi halklary jebisleşdirýän esasy baýlyk bolup durýar. Neşiriň ilkinji sahypalarynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Bütindünýä saglyk güni, 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy, Türkmen bedewiniň milli baýramy, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni, Türkmen halysynyň baýramy, Ylymlar güni, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli, şeýle-de “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara Gutlaglary ýerleşdirilipdir.

Watansöýüjilik — asylly ýörelge

Türkmen halkynyň Milli Lideri: «Biziň döwletimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmeginde ilkinji we esasy şertimiz Watana bolan söýgimizdir! Watan biziň gözümiziň görejidir! Watan başymyzyň täjidir! Watana söýgi iň beýik söýgüdir! Watan biziň guwanjymyzdyr!» diýip nygtaýar. Hormatly Prezidentimiz: «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýip belleýär. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu sözleri hemmeler üçin, şol sanda ýaş nesil, aýratyn-da, döwlet gullukçylary üçin ýörelge, ýurdumyzy ösüşleriň täze menzillerine ýetirmekde ruhlandyryjy güýç bolup durýar. Islendik halkyň watansöýüjiligi onuň döredijiliginde, aýratyn-da, nusgawy edebiýatynda äşgär ýüze çykýar. Edebiýat her bir halkyň kalbynyň aýnasydyr, milli häsiýetiniň beýanydyr we ruhy-ahlak terbiýesiniň gözbaşydyr. Edebiýat milletiň kalbynda Watanyna bolan söýgüsini pugtalandyrmakda, Watan bilen bitewüligini ebedileşdirmekde deňsiz-taýsyz wezipäni ýerine ýetirýär. Türkmen edebiýatynda watansöýüjiligiň beýany barada aýdylanda, beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň setirleri dessine dile gelýär. Onuň eserleri Watany söýmegi, ezizlemegi inçelik bilen öwredýär. Şahyryň: «Neýleý, indi biçäreýem» atly goşgusynda şeýle setirler bar:

Kitaphanaçylar bäsleşdiler

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky kitaphanalaryň ýaş hünärmenleriniň arasynda akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli yglan edilen «Magtymguly Pyragy — şygry paýhas ummany» atly bäsleşigiň Ahal welaýat tapgyry geçirildi. Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherindäki Medeniýet öýünde ýokary ruhubelentlikde geçen bäsleşige etraplardan gelen kitaphana hünärmenleri gatnaşdylar. Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi hem-de welaýat kitaphanasy tarapyndan guralan bäsleşikde kitaphana hünärmenleri Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli usuly gollanma taýýarlamakda, akyldar şahyryň şygyrlaryny labyzly okamakda ukyp-başarnygyny görkezdiler. Şeýle hem kitaphanaçylaryň hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny wagyz etmek, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şygarynyň ähmiýetini beýan etmek, kitaphana işini açyp görkezmek boýunça teleradioýaýlymlarda, gazet-žurnallarda eden çykyşlaryna seljerme berlip, ýeňijiler kesgitlendi.

Hoşniýetli hyzmatdaşlygyň hatyrasyna

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dostlukly döwletler bilen oňyn hyzmatdaşlygy ýola goýmakda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly ynsanperwer taglymaty nusgalyk ýörelge bolup durýar. Bu taglymat berkarar döwletimiziň daşary syýasatynyň parahatçylyk, ählumumy ösüş we abadan durmuş babatdaky milli garaýyşlarynyň baş şygarydyr. Ol umumadamzat ähmiýetli ýörelgelere laýyk gelýändigi sebäpli bütin dünýäde uly goldawa eýe bolýar. Bu taglymat hormatly Prezidentimiziň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygyndaky taryhy çykyşynda hem aýdyň şöhlelendi. Onda: «Biziň halklarymyzyň öz gün tertibi bar we olar parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk we hyzmatdaşlykdyr» diýlip, aýratyn nygtalýar. Häzirki wagtda hoşniýetli goňşuçylyk, ygtybarly hyzmatdaşlyk we heňňamyň synagyndan geçen köpasyrlyk dost-doganlyk gatnaşyklary sebit döwletlerini has-da ysnyşdyrýar. Hoşniýetli hyzmatdaşlygyň çäklerinde, esasan hem, goňşy döwletler bilen söwda-senagat, medeniýet we ynsanperwer ugurlar boýunça tagallalary we mümkinçilikleri birleşdirmek babatda netijeli çäreler durmuşa geçirilýär. Bu ugurda Merkezi Aziýanyň doganlyk halklarynyň milli garaýyşlary Milli Liderimiziň başlangyjy bilen öňe sürlen «Dialog — parahatçylygyň kepili» diýen ynsanperwer taglymatyň düýp mazmunyna laýyk gelýär. Hormatl

Sport — üstünliklere badalga

Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda sportuň, köpçülikleýin bedenterbiýäniň ösdürilmegi babatynda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär . Muny zähmet rugsadynda bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Sport ulag merkezine baryp, ol ýerde alnyp barylýan işler bilen ýakyndan gyzyklanmagy hem tassyklaýar. Gahryman Arkadagymyz merkezde sport ulagyna erk edip, çylşyrymly öwrümleri ýerine ýetirdi. Gahryman Arkadagymyz Sport ulag merkeziniň drift meýdançasynda ýene-de bir gezek ulag sürmegiň ussatlygyny görkezdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Sport ulag merkeziniň binalar toplumyny bu ýerden göçürmek we ony seleň ýerde gurmak bilen baglanyşykly meseleleri hemmetaraplaýyn öwrenmegi hem maslahat berdi. Milli Liderimiziň başyny başlan asylly işleriniň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, ýurdumyzda awtomobil sporty uly ösüşe eýe boldy. Türgenlerimiziň halkara awtoralli ýaryşlaryna işjeň gatnaşyp, baýrakly orunlary eýelemegi döwlet derejesinde edilýän tagallalaryň aýdyň netijesidir. Şeýlelikde, awtomobil sporty hem sportuň beýleki görnüşleri bilen bir hatarda, giň goldawa eýe bolýar we bu ugurda ýokary netije gazanýan türgenler yzygiderli höweslendirilýär. Bu bolsa Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen ösüş ýoluna düşen awtosportuň ýaşlaryň arasynda uly meşhurlyga eýe

Halk Maslahaty — beýik işlere badalga

Milli demokratiýanyň dabaralanmagy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe demokratik ýörelgeleriň dabaralanmagy ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň: «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen nusgalyk taglymatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň nyşanydyr. Türkmenistanyň Halk Maslahaty hem halkymyzyň we ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýete eýedir.

Hepdäniň habarlary

Söhbetdeşlik geçirildi Şu hepdäniň sişenbe güni TKA-nyň welaýat birleşmesiniň guramagynda hormatly Prezidentimiziň mähriban atasy, Gahryman Arkadagymyzyň kyblasy, içeri işler edaralarynyň hormatly weterany Mälikguly Berdimuhamedowyň nusgalyk ömür ýoluna bagyşlanyp «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik geçirildi. «Mälikguly Berdimuhamedowyň ömür ýoly görelde mekdebidir» atly şygar bilen geçirilen söhbetdeşlikde mawy ekran arkaly görkezilen, halkymyzda uly buýsanç döreden taryhy wakanyň ýakymly täsirleri barada özara pikir alşyldy.

Agzybirligiň dabaralanmasy

Ýakynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň guramagynda «Türkmenistanyň Halk Maslahaty — milli bitewilik, demokratiýanyň dabaralanmasy» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Oňa edara-kärhanalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri, ýaşulular, şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty gatnaşdy. Ýurdumyzda il sylagly ýaşulularyň, kümüş saçly eneleriň öwüt-ündewleri ömrümize şamçyragdyr. Olar milli däpleri we durmuş paýhasyny nesilden-nesle geçiripdirler. Olara sala salmak we geňeşmek, sarpasyny saklamak ýaly asylly ýörelgelerimiz oňyn netije berýär. «Maslahatly biçilen don gysga bolmaz» diýýän pederlerimiz her bir işde halka geňeşipdirler. Hemmämize mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 24-nji sentýabrynda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini ýokary derejede geçirmäge uludan taýýarlyk görülýär. «Türkmenistanyň Halk Maslahaty — milli bitewilik, demokratiýanyň dabaralanmasy» atly wagyz-nesihat duşuşygynda çykyş edenler, ýurdumyzyň durmuşynda bolup geçýän özgertmeleriň taryhy ähmiýeti, döwletimiziň barha artýan halkara abraýy, gazanylýan beýik ösüşler dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler, bu beýik işleriň sakasynda duran Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşly sözler aýtdylar.

Owazy äleme dolan Awaza

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň­Galkynyşy döwründe halkymyzyň her bir güni toýdur baýramlara, şanly senelere, ykbal özgerdiji pursatlara beslenýär. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr!, Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygarlarynyň ajaýyp döwrümizde döwrebap many-mazmun bilen baýlaşýandygyna şaýatlyk edýär. Ýurdumyzda raýatlaryň bagtyýar, eşretli durmuşda ýaşamaklary, oňat dynç almaklary üçin ähli şertler döredilýär. Munuň aýdyň mysaly hökmünde gojaman Hazaryň ekologiýa taýdan arassa türkmen kenarynda gurlan ­«Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny mysal getirmek bolar. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy häzirki wagtda syýahatçylaryň, jahankeşdeleriň, ildeşlerimiziň iň bir gelim-gidimli ýerine öwrüldi. Elbetde, Hazar deňziniň kenarynda kemala getirilen şertler türkmenistanlylaryň abadançylygynyň hemmetaraplaýyn üpjün edilmegine gönükdirilen döwlet syýasatynyň guwandyryjy netijesi bolmak bilen, yzygiderli amala aşyrylýan deňsiz-taýsyz özgertmeleriň aýdyň nyşanydyr. Deňzi ekologiýa taýdan goramak, onuň çäklerinde ýaýbaňlandyrylan giň gerimli işleriň barşy döwlet Baştutanymyzyň hemişe üns merkezinde saklanýar. Şunda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy halkara forumlaryň, konferensiýalaryň, duşuşyklaryň, halkara festiwallaryň, sport bäsleşik­leriniň, konsertleriň geçirilýän ýerine öwrüldi.

Hazar — dostlugyň deňzi

12-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Hazar deňziniň güni dabaraly bellenildi. Baýramçylygyň çäklerinde ylmy-amaly maslahat, sergi, sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar geçirildi. «Hazar deňzi: durnukly ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly ylmy-amaly maslahat hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi we Hazar deňzi instituty tarapyndan Daşary işler ministrliginiň goldaw bermeginde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Berkarar» myhmanhanasynda guraldy. Myhmanhananyň eýwanynda Hazar deňziniň tebigy gözelliklerini, ýurdumyzyň tebigaty goramak ulgamynda ýeten sepgitlerini görkezýän sergi ýaýbaňlandyryldy. Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Hazar deňzi: durnukly ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Maslahatyň gün tertibine Hazarýaka ýurtlaryň hyzmatdaşlygynyň ykdysady, durmuş, ekologik meseleleriň birnäçesiniň çözgüdini özünde jemleýän durnukly ösüşi üpjün etmek bilen bagly möhüm meseleleri girizildi. Çykyşlarda degişli ulgamda sebit döwletlerinde, «Hazar ekologiýa maksatnamasy» atly sebit maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde alnyp barylýan köptaraply işler giňişleýin beýan edildi. Foruma gatnaşyjylaryň belleýişleri ýaly, Hazarýaka döwletleriň bäşisiniň Hökümetleri tarapyndan tass

Täsinlikleriň dünýäsi

Gojaman Hazar deňziniň gözelligini wasp etmedik şahyr ýok bolsa gerek. Her bir göze ýakymly, kalbyňa rahatlyk berýän gözellikler saglygyňa hem oňyn täsir edip, ömrüňi uzaldýar. Hazar deňziniň diňe bir gözelligi däl, eýsem, onuň mikroelementlere baý düzümli jana melhem suwy bar. Deňziň kenarynda gezelenç edilen halatynda Günüň köp mukdarda bedene düşmek hadysasy bolup geçýär we netijede bedende D witamini baýlaşýar. D witaminine, başgaça (Ca) kalsiniň açary hem diýilýär. (Ca) Kalsiý — bu mikroelement bolup, adam bedeninde täze öýjükleriň kemala gelmegine ýardam edýär. Diýmek, çagalaryň boýunyň we bedeniniň ösýän döwrüni göz öňüne tutanyňda, bu has wajypdyr. Kalsiý uly adamlaryň bedeniniň sagdyn işjeňligi üçin hem derwaýysdyr. Uly adamyň bedeninde gündelik öýjükler täzelenip durýar. Munuň üçin bolsa kalsiý gerekdir. Esasan hem, saçlaryň, kirpikleriň we gaşlaryň owadan, gür, bedeniň derisiniň çeýe we ýylmanak bolmagy, içki beden agzalarynyň sazlaşykly işlemegi, gan öýjükleriniň kadaly täzelenip durmagy üçin kalsiý bedene hökmany düşmelidir. Kalsiniň çeşmesi kösükli, däneli we gök önümler, süýt we süýt önümleri bolup durýar. Ýöne onuň bedende özleşmegi üçin D witamini zerurdyr. Bu witamin adam bedenine iýmit arkaly hem düşüp bilýär, towuk ýumurtgasynyň sarysynda we süýt önümlerinde, kömelekde, balykda we deňiz önümlerinde hem bar, ýöne bedende onuň ýeterlik mukdarda bolmagy ü

Göz-guwanjymyz — paýtagtymyz

Toý-baýramlary, şanly seneleri goşalanyp gelýän eziz Diýarymyzda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly uly üstünliklere beslenip dowam edýär. Diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, dünýä edebiýatynyň parlak ýyldyzy Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk şanly senesiniň toýlanylýan ýylynda ýurdumyzyň ähli künjeginde bolşy ýaly, baş şäherimiz Aşgabatda hem giň gerimli baýramçylyk maksatnamalary dabaralandyrylýar. Baýramçylyk joşgunyny gözel paýtagtymyzyň keşbinde hem aýdyň görmek bolýar. Bilşimiz ýaly, gujagynda asuda, bagtyýar durmuş gaýnap joşýan paýtagtymyzyň ak mermere beslenen ajaýyp keşbinde ýurdumyzyň bedew batly ösüşleri aýdyň şöhlelenýär. Ak şäherimizde raýatlarymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy, okamagy, döredijilikli zähmet çekmegi, medeniýetli dynç almagy üçin giň gerimli şertleriň ählisi döredilen. Paýtagtymyzda halkymyza edilýän döwrebap hyzmatlaryň hili hem ýylsaýyn kämilleşdirilýär. «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» bellenen wezipeleri ýerine ýetirmegiň çäklerinde ilata edilýän jemagat hyzmatlaryny sanly ulgama geçirmek, raýatlaryň hyzmatlar üçin töleglerini onlaýn usulda töläp bilmekleri babatda oňaýly şertleri döretmek boýunça hem birnäçe netijeli işler alnyp barylýar. Bu ugurda häzirki wagta çenli Aşgabat şäher häkimligi tarapyndan jemagat hyzmatlaryny ýerine ýetirýän edara-kärhana

Aşgabat — kämil sungat eseri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzyň gözel paýtagty Aşgabat diňe bir sebitde däl, eýsem, halkara derejesinde ylalaşdyryjy merkez hökmünde giňden tanalýar. Häzirki döwürde paýtagtymyzdaky ylym-bilim desgalary, ajaýyp binalar Aşgabadyň binagärlik özboluşlylygyny hem artdyrýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Aşgabadyň binagärlik keşbine aýratyn üns berýär. Gözel paýtagtymyzda raýatlarymyzyň döwrebap bilim almagy, halal zähmet çekmegi, okamagy, dynç almagy, sport, döredijilik bilen meşgullanmagy, söwda-dynç alyş we sagaldyş ulgamynyň häzirki zaman hyzmatlaryndan peýdalanmagy üçin köpugurly şertler döredilýär. Desgalary diňe bir gurmak däl, eýsem, şolaryň kömegi bilen täze giňişligi döretmek, onuň adamlar üçin oňaýly bolmagy möhümdir. Oňaýlylyk, gözellik, ygtybarlylyk hem-de öňdebaryjy inženerçilik-tehniki çözgütler, ekologiýa ölçegleri ýurdumyzda gurulýan ýaşaýyş toplumlarynyň, dolandyryş, ylym-bilim edaralarynyň, senagat, sport we durmuş binalarynyň, ýol-ulag desgalarynyň baş alamatlarydyr.

Ykbalyň bagt ýyldyzy hemmelere miýesser etsin!

Hamal (guzy 21.03-20.04) Geljek hepde hamallaryň durmuşynda, esasan, alyp barýan işleri bilen bagly meýilnamalar ähmiýetli orun eýelär. Bu döwürde biraz gijigen meseleleriňiz bilen baglanyşykly möhüm çözgütleri kabul etmek bähbitli bolar. Meýilleşdirişiňiz ýaly, iş bilen bagly döreýän mümkinçiliklere ünsli boluň!

Abadan ýaşaýşy nazarlap

Mähriban ildeşler, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy sizi gündelik durmuşda gerek bolan elektrik, gaz enjamlaryny talabalaýyk gurnamaga, ulanmaga we ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini dürs berjaý etmäge çagyrýar. Öýleriň we edara jaýlaryň elektrik enjamlarynyň ulanylyşynyň, gurnalyşynyň talabalaýyk bolmagyny gazanmaly. Elektrik geçirijileriň daşky örtükleriniň toga garşy duruş derejesini hünärmenlere barladyp, daşky örtügi zaýalanan, ulanyş möhletleri geçen, köne elektrik geçirijileri çalyşmaly. Elektrik nokadyna bir wagtyň özünde çendenaşa köp elektrik sarp ediji enjamlaryň birikdirilmegine ýol bermeli däl. Elektrik geçirijiler biri-biri bilen birikdirilende ýörite gysyjylar bilen berkidilse, elektrik geçirijileriniň sütünleriniň gyzmagynyň öňi alynýar, howpsuzlyk üpjün edilýär. Elektrik geçirijilerini çüý bilen berkitmek, üstünden kagyz ýelmemek, hatardan çykan elektrik birikdiriş, öçüriş abzallary ulanmak talabalaýyk däldir.

Täze üstünliklere tarap

Eziz Watanymyzda giň gerimde amala aşyrylýan durmuş maksatly döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri-de, harby bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, sagdyn, giň dünýägaraýyşly, hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösen, çuňňur bilimli, watansöýüji, zähmetsöýer Watan goragçylaryny terbiýeläp ýetişdirmekdir. Şu maksatdan ugur alyp, ýaňy-ýakynda maýor Muhammet Şalykowyň serkerdelik edýän harby bölüminde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ikinji okuw möwsümi mynasybetli dabara guraldy. Dabaranyň dowamynda nyzam tilsimleri boýunça görkezme çykyşlaryna hem-de edebi-sazly kompozisiýa aýtatyn orun berilmegi has-da täsirli boldy. Harby bölümde bu okuw möwsüminde täze ugurlaryň birnäçesi göz öňünde tutulyp, harby gullukçylara döwrebap bilim bermek, Watan goragyna kämil nesilleri taýýarlamak, olaryň zehin başarnyklaryny, döredijilik ukyplaryny ýüze çykarmak, beden we söweşjeň taýýarlyklaryny ýokarlandyrmak hem-de hakyky ýurt goragçysynyň şahsyýetini kemala getirmek babatda zerur işleri geçirmek esasy wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi. Çäräniň ahyrynda okuw möwsüminde harby gullukçylara döwrebap harby tehnikalara we enjamlara erk etmek başarnygyny birkemsiz ele almaklary, harby ylmyň we harby sungatyň tejribesini yzygiderli özleşdirmekleri, söweşjeň we gumanitar taýýarlykda ýokary netijeleri gazanmaklary, ata-babalarymyzyň mertlik, edermenlik we watansöýüjilik ýaly belent häsiýetlerin

Mukaddes borja eýerip

Ýaňy-ýakynda maýor Mälik Hanowyň serkerdelik edýän harby bölüminde çagyryş boýunça harby gulluga gelen ýaş Watan goragçylarynyň harby kasam kabul edişlik dabarasy boldy. Dabarada, ilki bilen, harby bölümiň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary, maýor Berdi Rejebow: «Hormatly ýaş Watan goragçylary, siziň Watan öňündäki mukaddes borjuňyz, biziň ata-babalarymyzyň gadymdan gelýän ýol-ýörelgesi bolup, ol diňe iki ýyl bilen tamamlanmaýar. Watan goragy her bir türkmen perzendiniň öňündäki ömürlik borjy bolmagynda galýar» diýip, Watan goragçylaryna ýüzlenmegi has-da tolgundyryjy boldy. Kapitan Gülnäz Sabirowanyň guramagynda harby bölümiň medeniýet öýüniň çeper höwesjeňleriniň aýdym-sazly çykyşlary dabara gatnaşanlaryň köňüllerini has-da ganatlandyrdy. Selbi HUDAÝBERDIÝEWA,kapitan.

Okuw ýygnanyşyklary

Golaýda Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň ähli serhet galalarynyň serkerdeleriniň gatnaşmagynda okuw ýygnanyşyklary geçirildi. Serhet birikmeleriniň birnäçesinde, sebitleýin ugurlar boýunça geçirilen okuw ýygnanyşyklarynda ýarym ýylyň netijeleri boýunça bu düzümleriň gulluk-söweşjeň işlerinde gazanan netijeleri seljerilip, Döwlet serhediniň goragyny has-da kämilleşdirmek boýunça öňde durýan wezipeler we olaryň ýerine ýetirilmeli ugurlary kesgitlenildi. Meýilnama laýyklykda tejribeli serkerdeler tarapyndan amaly hem-de tejribe usulynda geçirilen okuw sapaklary hem-de türgenleşikler oňa gatnaşyjylar üçin öz tejribelerini has-da baýlaşdyrmakda uly ähmiýete eýe boldy. Okuw ýygnanyşygynyň netijesi boýunça, şeýle-de hasabat döwründe hünär taýýarlygynda we işleri guramakda tapawutlananlar sagbolsunlara mynasyp bolup, Hormat hatlary bilen sylaglanyldy. Ýusup TÄÇMYRADOW, maýor.

Türkmen ruhunyň synmaz sütüni

Ýakynda podpolkownik Sapar Berdiýewiň serkerdelik edýän harby bölüminiň kapitan Tahyr Berdimyradowyň serkerdelik edýän diwizionynyň şahsy düzüminiň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan taýýarlanan «Magtymguly» atly kitaba bagyşlanyp dabara geçirildi. Bu çärede TMÝG-niň etrap geňeşiniň esasy hünärmeni Oýdin Aşirowa, etrap merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy Döndi Ýusupowa, uly leýtenant Ýusup Babaýew, çagyryş boýunça harby gullukçy Osman Ýegenseýidow dagynyň çykyşlary has täsirli bolup, bu kitabyň möhüm ähmiýetini, olarda akyldar şahyryň edep-terbiýe, ylym-bilim, ahlak, nesil terbiýesi, ula hormat, kiçä sarpa, ynsanperwerlik, dost-doganlyk, mertlik, watançylyk, milli döwletlilik babatda pelsepewi garaýyşlaryny, türkmen tebigatyny wasp edýän şygyrlarynyň ýerleşdirilendigi barada belläp geçdiler. Dabara harby bölümiň çeper höwesjeňleriniň çykyşlary bilen utgaşdy. Baky ýörelge

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk

ASylly däbe eýerilip... Indi her gün bizi jemgyýetimiziň durmuşynda bolup geçjek möhüm waka — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine ýakynlaşdyrýar. Demokratik, hukuk we dünýewi döwletimizde halk häkimiýetini amala aşyrmakda, ýurdumyzyň durnukly durmuş-ykdysady ösüşini, türkmen halkynyň bagtyýar, abadan durmuşyny üpjün etmekde ýokary wekilçilikli edara bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işi iňňän uly ähmiýete eýedir.