Golaýda Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň ähli serhet galalarynyň serkerdeleriniň gatnaşmagynda okuw ýygnanyşyklary geçirildi. Serhet birikmeleriniň birnäçesinde, sebitleýin ugurlar boýunça geçirilen okuw ýygnanyşyklarynda ýarym ýylyň netijeleri boýunça bu düzümleriň gulluk-söweşjeň işlerinde gazanan netijeleri seljerilip, Döwlet serhediniň goragyny has-da kämilleşdirmek boýunça öňde durýan wezipeler we olaryň ýerine ýetirilmeli ugurlary kesgitlenildi. Meýilnama laýyklykda tejribeli serkerdeler tarapyndan amaly hem-de tejribe usulynda geçirilen okuw sapaklary hem-de türgenleşikler oňa gatnaşyjylar üçin öz tejribelerini has-da baýlaşdyrmakda uly ähmiýete eýe boldy. Okuw ýygnanyşygynyň netijesi boýunça, şeýle-de hasabat döwründe hünär taýýarlygynda we işleri guramakda tapawutlananlar sagbolsunlara mynasyp bolup, Hormat hatlary bilen sylaglanyldy.
Ýusup TÄÇMYRADOW,
maýor.