Aşgabat — kämil sungat eseri

14 Awgust 2024
111

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzyň gözel paýtagty Aşgabat diňe bir sebitde däl, eýsem, halkara derejesinde ylalaşdyryjy merkez hökmünde giňden tanalýar. Häzirki döwürde paýtagtymyzdaky ylym-bilim desgalary, ajaýyp binalar Aşgabadyň binagärlik özboluşlylygyny hem artdyrýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Aşgabadyň binagärlik keşbine aýratyn üns berýär. Gözel paýtagtymyzda raýatlarymyzyň döwrebap bilim almagy, halal zähmet çekmegi, okamagy, dynç almagy, sport, döredijilik bilen meşgullanmagy, söwda-dynç alyş we sagaldyş ulgamynyň häzirki zaman hyzmatlaryndan peýdalanmagy üçin köpugurly şertler döredilýär. Desgalary diňe bir gurmak däl, eýsem, şolaryň kömegi bilen täze giňişligi döretmek, onuň adamlar üçin oňaýly bolmagy möhümdir. Oňaýlylyk, gözellik, ygtybarlylyk hem-de öňdebaryjy inženerçilik-tehniki çözgütler, ekologiýa ölçegleri ýurdumyzda gurulýan ýaşaýyş toplumlarynyň, dolandyryş, ylym-bilim edaralarynyň, senagat, sport we durmuş binalarynyň, ýol-ulag desgalarynyň baş alamatlarydyr.

Bekgi ARSLANOW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.