"Arkadag" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Arkadag şäheri, Arkadag şaýoly, 28
Telefon belgileri: 57-39-65, 57-39-66
Email: arkadag_gazeti@sanly.tm

Habarlar

TIF 2024 ma­ýa go­ýum fo­ru­my we ser­gi­si ge­çi­ri­ler

Ga­raş­syz­lyk hal­ky­my­zyň mil­li buý­san­jy­dyr. Hal­ky­my­zyň ga­raş­syz döw­let gur­mak ba­ra­da köp asyr­la­ryň do­wa­myn­da eden ar­zu­wy­nyň ha­syl bo­la­ny­na şu ýyl 33 ýyl dol­ýar. Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň şan­ly 33 ýyl­lyk baý­ram­çy­ly­gy my­na­sy­bet­li 19-20-nji sent­ýabr­da Aş­ga­bat­da TIF 2024 ma­ýa go­ýum fo­ru­my we ser­gi­si ge­çi­ri­ler. Bu fo­rum Türk­me­nis­ta­nyň dür­li ma­ýa go­ýum müm­kin­çi­lik­le­ri­ni hö­dür­le­mek, da­şa­ry ýurt ma­ýa go­ýum­la­ry­ny çalt çek­mek ba­ra­da­ky tek­lip­le­re ga­ra­mak we se­bit­le­ýin tas­la­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­mek ýa­ly bi­le­lik­dä­ki ma­ýa go­ýum tas­la­ma­la­ry­nyň gel­je­gi­ni öw­ren­mek mak­sa­dy bi­len gu­ral­ýar. TIF 2024 mak­sat­na­ma­sy hem­me­ta­rap­la­ýyn iş­le­nip dü­zü­len we Türk­me­nis­ta­nyň ma­ýa go­ýum po­ten­si­ýa­ly, se­bit­le­ýin ener­gi­ýa ge­çi­şin­de ýur­duň ýan­gyç we ener­ge­ti­ka pu­da­gyn­da­ky or­ny, ulag ara­gat­na­şy­gy we dur­nuk­ly­ly­gy, yk­dy­sa­dy­ýe­tiň di­wer­si­fi­ka­si­ýa­sy, san­ly ul­ga­myň öz­ge­riş­le­ri, «ýa­şyl» yk­dy­sa­dy­ýe­tiň we oba ho­ja­ly­gy­nyň ös­dü­ril­me­gi, şeý­le hem döw­let-hu­su­sy hyz­mat­daş­ly­gy ýa­ly mow­zuk­la­ry öz içi­ne al­ýar.

Bilim – ösüşleriň binýady

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da amal edil­ýän döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň esa­sy ugur­la­ry­nyň bi­ri­ne öw­rü­len bi­lim ul­ga­my­ny köp­ta­rap­la­ýyn ös­dür­mek we hal­ka­ra de­re­jä çy­kar­mak ba­bat­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän iş­ler oňyn ne­ti­je­le­ri­ni ber­ýär. Ýur­du­myz­da döw­rüň hem yl­myň ta­lap­la­ry­na we ze­rur­lyk­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, tä­ze ugur­ly ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň açyl­ma­gy, hä­zir­ki dö­wür­de ze­rur bo­lan hü­när­le­riň sa­na­wy­nyň ýyl­sa­ýyn gi­ňel­dil­me­gi, ýo­ka­ry hem ýö­ri­te or­ta hü­när okuw mek­dep­le­ri­ne ka­bul edil­ýän ýaş­la­ryň sa­ny­nyň her ýy­lyň şert­le­ri­ne we müm­kin­çi­lik­le­ri­ne gö­rä art­dy­ryl­ma­gy bi­lim ul­ga­my­nyň bin­ýa­dy­nyň ber­ki­dil­ýän­di­gi­ni gör­kez­ýär. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz 12-nji iýul­da şu ýy­lyň al­ty aýyn­da ga­za­ny­lan ne­ti­je­le­riň jem­le­ri­ne ba­gyş­la­nyp ge­çi­ri­len Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň gi­ňiş­le­ýin mej­li­sin­de eden çy­ky­şyn­da hä­zir­ki dö­wür­de mi­nistr­lik­le­riň hem-de pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry­nyň, umu­man ala­nyň­da, ra­ýat­la­ry­my­zyň her bi­ri­niň mak­sa­dy­nyň ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy, me­de­ni, ylym we bi­lim bin­ýa­dy­ny mun­dan beý­läk-de ös­dür­mek­den hem-de ber­kit­mek­den yba­rat bol­ma­ly­dy­gy­ny nyg­ta­dy.

Awaza –halkymyzyň buýsanjy

Ha­zar deň­zi­niň ke­na­ry ýur­du­my­zyň hem-de dün­ýä­niň tä­ze sy­ýa­hat­çy­lyk me­ka­ny­na öw­rül­di. Go­ja­man Ha­za­ryň türk­men ke­na­ryn­da köp san­ly kaşaň myh­man­ha­na­lar, ça­ga­la­ra we ululara ni­ýet­le­nen sa­gal­dyş we dynç alyş mer­kez­le­ri, kot­tej­ler­dir se­ýil­gäh-dynç alyş top­lum­la­ry peý­da bol­dy. Ne­ti­je­de, «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gy dün­ýä de­re­je­sin­dä­ki dynç alyş, sy­ýa­hat­çy­lyk hem-de hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gyň mer­ke­zi hök­mün­de yk­rar edil­di. «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gy­nyň dö­re­dil­me­gi­niň ta­ry­hy 2007-nji ýy­lyň maý aýyn­dan göz­baş al­ýar. Şol aý­da de­ňiz ýa­ka­syn­da­ky Türk­men­ba­şy şä­he­rin­de Türk­me­nis­ta­nyň, Rus­si­ýa­nyň we Ga­za­gys­ta­nyň Pre­zi­dent­le­ri­niň du­şu­şy­gy ge­çi­ri­lip, on­da Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz de­ňiz ýa­ka­syn­da dün­ýä de­re­je­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gy­ny dö­ret­mek baş­lan­gy­jy­ny öňe sür­di. Şon­dan soň­ra bu ýer­de de­ňi-ta­ýy bol­ma­dyk tas­la­ma dur­mu­şa ge­çi­ri­lip baş­lan­dy.

Türkmenistan–BMG: parahatçylygyň we döredijilikli ösüşiň bähbidine hyzmatdaşlyk

BMG-niň BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 79-njy SESSIÝASYNA 30 ýyl­dan gow­rak wagt bä­ri Türk­me­nis­tan Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň do­ly hu­kuk­ly we iş­jeň ag­za­sy hök­mün­de onuň Ter­tip­na­ma­sy­nyň ýö­rel­ge­le­ri­niň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ne mö­hüm go­şant goş­ma­gy­ny do­wam et­di­rip gel­ýär. Pa­ra­hat­çy­lyk­ly ýa­şa­ma­gyň, öňü­ni alyş dip­lo­ma­ti­ýa­sy­nyň, deň­hu­kuk­ly dia­lo­gyň äh­mi­ýe­ti­ni öňe sür­ýän Türk­me­nis­tan hal­ka­ra gi­ňiş­lik­de he­mi­şe ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gyň ta­rap­da­ry bo­lup çy­kyş ed­ýär. 2025-nji ýyl­da Bi­ta­rap­ly­gyň 30 ýyl­ly­gy­ny da­ba­ra­ly bel­le­mä­ge, şeý­le hem BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň gel­jek ýy­ly «Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly» di­ýip yg­lan et­mek ha­kyn­da Ka­rar­na­ma­sy­ny dur­mu­şa ge­çir­mä­ge taý­ýar­lyk gö­rüp, Türk­me­nis­tan hyz­mat­daş­lar bi­len iş­jeň gat­na­şyk­la­ry­ny do­wam et­di­rer. Döw­le­tiň anyk ädim­le­ri BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 79-njy ses­si­ýa­syn­da Türk­me­nis­ta­nyň köp­çü­li­ge ýe­tir­jek ile­ri tut­ýan ga­ra­ýyş­la­ryn­da-da öz be­ýa­ny­ny tap­ýar.

Agzybir ilde ösüş bar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň şanly wakalary taryhyň gatlaryndan mynasyp orun alyp, ýurdumyzyň ynamly gadamlar bilen ösüşiň täze belentliklerine çykýandygyny, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanýandygyny aýdyň görkezýär. Pederlerimiziň döwletlilik ýörelgelerinden ugur alnyp, il sylagly ýaşulularyň, dilleri senaly enelerimiziň, milli ykdysadyýetimiziň öňdebaryjylarynyň, röwşen geljegimiz bolan ýaşlaryň gatnaşmaklarynda geçirilýän Halk Maslahaty halkymyzyň agzybirliginiň, jebisliginiň, birek-birege hormat-sarpasynyň ýokarydygynyň nyşanydyr. Jemgyýetçilik-syýasy, ruhy ýokary göteriliş ýagdaýynda geçýän Halk Maslahaty halkymyzyň “Geňeşli don gysga bolmaz”, “Geňeşli salamat bolar” diýen nakyllaryndan ugur alýar. Bir supranyň başynda jemlenip, maslahat etmek, birek-birege sala salmak il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli meseleleriň agzybirlik bilen çözülmegine giň mümkinçilikleri döredýär. Döwlet-jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşýan ýaşuly nesliň işi, durmuşy ýaş nesil üçin halallygyň, watansöýüjiligiň, zähmetsöýerligiň mekdebidir. Ýokary wekilçilikli edara hökmünde Halk Maslahaty agzybirligi, abadançylygy, Garaşsyz döwletiň ykdysady, syýasy kuwwatyny artdyrmakda ägirt uly güýçdür. Ol güýç ýaşuly nesliň göreldesiniň, tejribesiniň ýaşlara geçmegi bilen, Garaşsyzlygyň 33 ýyllygynyň belle

“Akylly” şäherdäki mek­dep ba­zar­la­ry

Şu gün­ler tä­ze, 2024-2025-nji okuw ýy­ly­na taý­ýar­lyk gör­me­giň çäk­le­rin­de, ýur­du­my­zyň äh­li se­bit­le­rin­de dö­re­di­len mek­dep ba­zar­la­ry ýo­ka­ry hil­li okuw es­bap­la­ry­ny we ha­ryt­la­ry­ny ila­ta hö­dür­le­ýär­. Her gün ir er­tir­den ag­şa­ma çen­li ola­ryň söw­da­sy bar­ha gy­zyş­ýar. Şeý­le söw­da no­kat­la­ry­nyň bir­nä­çe­si Ar­ka­dag şä­he­rin­de-de he­re­ket ed­ýär. Olar tä­ze, «akyl­ly» şä­he­re öz­bo­luş­ly görk be­rip, ýur­du­myz­da ýaş nesliň döw­re­bap ylym-bi­lim al­ma­gy, hü­när öw­ren­me­gi ba­bat­da äh­li müm­kin­çi­lik­le­riň dö­re­dil­ýän­di­gi­ni ala­mat­lan­dyr­ýar. Ar­ka­dag şä­he­ri­niň söw­da no­kat­la­ryn­da gu­ra­lan mek­dep ba­zar­la­ry şu gün­ler iň ge­lim-gi­dim­li ýer­le­riň bi­ri­ne öw­rül­di. Mek­dep okuw­çy­la­ry­na hö­dür­le­nil­ýän okuw es­bap­la­ry­dyr beý­le­ki ha­ryt­lar köp­dür­lü­li­gi, ýo­ka­ry hil­li­li­gi we el­ýe­ter­li­li­gi bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. «Türk­me­nis­tan­da ön­dü­ri­len» di­ýen ýaz­gy­ly ýo­ka­ry hil­li önüm­ler, ta­ry­hy şah­sy­ýet­le­ri­mi­ziň, ýur­du­my­zyň gö­zel kün­jek­le­ri­niň su­rat­la­ry bi­len be­ze­len, de­giş­li ders­ler bo­ýun­ça mag­lu­mat­lar ýer­leş­di­ri­len dep­der­ler­dir gün­de­lik­ler ýaş­la­ryň wa­tan­sö­ýü­ji­li­gi­ni, oka­ma­ga, ylym-bi­lim öw­ren­mä­ge bo­lan hö­we­si­ni has-da art­dyr­ýar.

Döwlet belligine almagyň kadalary

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 40-njy maddasynda maşgala, enelik, atalyk we çagalyk döwletiň goragynda durýandygynyň konstitusion hukuk kadasy berkidilýär. Şol hukuk kadasynda ata-eneleriň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň çagalary terbiýelemäge, olaryň saglygy, ösüşi, okuwy barada alada etmäge, olary zähmete taýýarlamaga, kanunlara, taryhy we milli däp-dessurlara hormat goýmak medeniýetini olaryň aňyna ornaşdyrmaga hukuklydyklary we şol bir wagtyň özünde borçludygy barada-da nygtalýar. Mähriban Diýarymyzda ýaşlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň amala aşyrylmagy üçin döwlet derejesinde giň şertler döredilip, olaryň hemmetaraplaýyn ösüşine ýardam edilýär. Türkmenistanda dünýä inen her bir çaga döwlet tarapyndan bellige alynmaga degişlidir. Munuň üçin çaganyň ene-atasy «Raýat ýagdaýynyň namalary hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 27-nji maddasynyň birinji bölegine laýyklykda, çaganyň hakykatda doglan ýerindäki ýa-da ene-atanyň (olaryň biriniň) ýaşaýan ýerindäki RÝNÝ edarasyna ýüz tutýarlar. Çaganyň dogluşynyň döwlet tarapyndan bellige alynmagy üçin degişli RÝNÝ edarasyna ýüz tutulan güni döwlet belligine alyş işi amala aşyrylýar.

Döwlet gullugynyň talaby

Döwlet gullukçylarynyň eýeleýän wezipesine garamazdan, goldanmaly bolan gulluk, hünär etikasynyň umumy ýörelgeleriniň we özüňi alyp barşyň esasy düzgünlerini özünde jemleýän «Döwlet gullukçysynyň etikasy we gulluk özüni alyp barşy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny döwlet gullukçysynyň ahlak keşbine we işewür sypatlaryna talaplary ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. «Döwlet gullugy hakynda», «Döwlet gullukçysynyň etikasy we gulluk özüni alyp barşy hakynda», «Korrupsiýa garşy hereket etmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň talaplarynyň her bir döwlet gullukçysy tarapyndan doly, dogry, gyşarnyksyz berjaý edilmegi raýatlaryň konstitusion hukuklarynyň iş ýüzünde durmuşa geçýändigini görkezýär.

Bagtyýarlygyň kepili

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň gözel tebigatyny, onuň ösümlik, haýwanat dünýäsini aýawly saklap,  ýangyn hadysalarynyň ýüze çykmak howpunyň öňüni almak maksady bilen, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy aşakdaky düzgünleri ýatladýar. Ýurdumyzyň tebigatynyň gözel ýerlerinde açyk ot ýakmak, çilim çekmek, söndürilmedik otluçöpi taşlamak, uçgun berijileri ulanmak, çüýşe gaplaryny, aýna böleklerini, zir-zibilleri, şeýle-de dürli görnüşdäki ýag siňen esgileri taşlap gitmek, awtoulaglary guran ot-çöpli meýdanlara salmak we şol ýerlerde awtoulaglara tehniki hyzmatlary geçirmek gadagandyr. Türkmenistanyň çägindäki eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, edara-kärhanalaryň, guramalaryň ählisi tebigatyň gözel ýerlerinde islendik işleri geçirende, ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini dürs berjaý etmäge borçludyrlar. Biz döwletimiziň gözel we baý tebigatynyň, onuň ösümlikdir haýwanat dünýäsiniň aýawly saklanylmagyna   jogapkärdiris.

Zenanlar guramalarynda

Wagyz-nesihat maslahaty Maşgala mukaddesligini wagyz etmek maksady bilen, golaýda TZB-niň Daşoguz şäher guramasynyň guramagynda «Maşgala mukaddesligi — öý-ojaklarymyzyň gelşigi» atly şygar bilen maslahat geçirildi. Daşoguz şäher häkimliginiň mejlisler zalynda geçirilen maslahata häkimligiň jogapkär işgärleri, ilkinji zenanlar guramalarynyň ýolbaşçylary, dürli ugurlarda zähmet çekýän zenanlar, mährem eneler gatnaşdylar.

Abadan ýaşaýyş wagyz edildi

Golaýda Daşoguz şäherinde ýerleşýän, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň hem-de Serhet gullugynyň harby bölümlerinde döwlet edaralarynyň işgärleriniň KA-nyň Daşoguz şäher geňeşiniň guramagynda wagyz-nesihat ýygnaklary geçirildi. Ýygnaklarda welaýat Polisiýa müdirliginiň, Suwda halas ediş müdirliginiň, TMÝG-niň Daşoguz şäher geňeşiniň wekilleri çykyş etdiler. Çykyşlarda berkarar Watanymyzyň dünýäde parahat hem asuda ýurt hökmünde tanalýandygy, ýurdumyzyň serhetleriniň ygtybarly goralýandygy, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşaýandygy barada täsirli gürrüň edildi. Şeýle hem adam hakdaky aladanyň ilkinji nobatda durýandygy, olaryň kanuny hukuklarynyň hemişe goralýandygy barada aýdylyp, şeýle uly aladalara laýyk hemmeleriň öz ornunda mynasyp iş bilen jogap bermelidikleri ündeldi. Ýurdumyzyň syýasy durmuşynda bolup geçýän taryhy wakalar barada bellenip, oňa bagtyýar raýatlarymyzyň ýokary işjeňlik bilen gatnaşýandyklary aýdyldy.

Çeper halyçylyk kärhanasynda geçen duşuşyk

Bäherden Çeper halyçylyk kärhanasynda «Ýurduň ýaşlary — bagtyň açary» ady bilen geçirilen wagyz-nesihat duşuşygyny Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Bäherden etrap Geňeşi gurady. Oňa halyçy gelin-gyzlar, şeýle-de bilim ulgamynda zähmet çekýän ýaşlar gatnaşdy. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna bagyşlanan duşuşykda Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlaryň häzirki döwrüň talabyna laýyk, kämil şahsyýet hökmünde kemala gelmegi üçin ýurdumyzda durmuşa geçirilýän işler barada gürrüň edildi, «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilişi dogrusynda bellenip geçildi.

Usuly-amaly okuwlar

Täze 2024-2025-nji okuw ýylyna taýýarlykly başlamakda şu günler geçirilýän pedagogik işgärleriniň etrap usuly-amaly okuwlarynyň ähmiýeti uludyr. Bu usuly-amaly okuwlar Tejen etrabynda hem guramaçylykly dowam edýär. Oňa öňdebaryjy bilim işgärleri işjeňlikde gatnaşýarlar. Usuly-amaly okuwlarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüp gelýän ýaş nesle çuňňur bilim we asylly terbiýe bermegiň möhüm meseleleri, ýokary netijeli iş tejribeler, okatmagyň täze, işjeň usullary barada giňişleýin gürrüň edilýär. Olaryň barşynda işjeň pikir alyşmalara giň orun berilýär.

Maşgala mukaddesligine bagyşlandy

Bäherden etrap Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň guramagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylyna bagyşlanan duşuşyga agzalan guramada zähmet çekýän ýaşlar gatnaşdy. Duşuşykda çykyş edenler bu gün ýurdumyzda gelin-gyzlaryň bilim almagy, hünär öwrenmegi, zähmet çekmegi, Watanymyzyň ösüşlerine goşant goşmagy ugrunda giň şertler döredilendigini belläp, ýaşlara maşgala mukaddesligi, arassa ahlaklylyk, agraslyk ýaly asyrlarboýy türkmen zenanynyň süňňüne siňen gözel häsiýetleri ündediler.

Düşündiriş işleri netijeliligi bilen tapawutlanýar

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Babadaýhan etrap prokuraturasynyň, etrap häkimliginiň, etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de beýleki hukuk goraýjy edaralarynyň bilelikde guramagynda etrabyň çäginde wagyz-nesihat, düşündiriş işleri yzygiderli geçirilýär. Häzirki günlerde etrabyň edara-kärhanalarynyň, guramalarynyň işçi-hünärmenleriniň arasynda guralýan duşuşykdyr maslahatlarda ilatyň hukuk taýdan sowatlylygyny ýokarlandyrmak, kanunçylygy düşündirmek maksady bilen täsirli çykyşlara aýratyn üns çekilär. Wagyz-nesihat, düşündiriş işleriniň barşynda Watanymyzyň ykdysady, syýasy, medeni ugurlarynda bolup geçýän wakalar, ösüşler we özgertmeler hakda hem gürrüň edilip, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagynda olaryň ähmiýeti barada aýdylýar. Çykyşlarda milli kanunçylyk, hukuk namalary düşündirilip, kanunçylygyň talaplaryny berjaý etmek, ýaramaz endiklerden daşda durmak, maşgala gymmatlygy bilen bagly degerli maslahatlar berilýär. Munuň özi ildeşlerimizde uly täsirleri döredýär.

Döwletli maslahata barýarys

Hormatly Prezidentimiziň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini guramaçylykly geçirmek boýunça beren tabşyryklaryndan ugur alyp, welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde maslahat geçirdik. Oňa il sylagly ýaşulular, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat halk maslahatynyň agzalary we partiýamyzyň Türkmenabat şäher we Hojambaz etrap komitetiniň işgärleri we işjeň agzalary gatnaşdylar. «Türkmenistanyň Halk Maslahaty halkymyzyň synmaz güýjüdir» diýen at bilen geçirilen maslahatda öňde geçiriljek bu ählihalk forumyna taýýarlyk görmek, Halk Maslahatynyň mejlislerinde kabul edilýän çözgütleriň ähmiýetini ilat arasynda wagyz etmek, raýatlardan gelip gowuşýan teklipleri öwrenmek boýunça alnyp barylýan işlere seljerme berildi. Ildeşlerimiz döwletimizi ösdürmekde, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli gowulandyrmakda, halk bilen döwletiň sazlaşykly işini dowam etdirmekde bu ählumumy forumynyň geçirilmeginiň aýratyn ähmiýete eýedigini uly buýsanç bilen nygtadylar. Çykyşlarda döwletlilik ýörelgeleriniň dowamat-dowam bolýan döwründe geçiriljek bu nobatdaky mejlisde mundan beýläk-de döwletimiziň okgunly ösüşini üpjün etmek, raýat jemgyýetini we halkymyzyň bagtyýarlygyny berkarar etmek ugrunda döwletli çözgütleriň kabul ediljekdigine uly ynam bildirildi.

Mertler Watany beýgeldýär

Welaýat kitaphanasynda «Ömri — nesillere görelde, pendi — paýhas-ýörelge» diýen at bilen söhbetdeşlik geçirdik. Oňa döwürdeş ýazyjy-şahyrlarymyz, döredijilik işgärleri we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Gahryman Arkadagymyzyň kyblasy, hormatly Prezidentimiziň atasy Mälikguly Berdimuhamedowyň ömür ýoluny, durmuş tejribesini ýaşlaryň arasynda wagyz etmek maksady bilen geçirilen bu söhbetdeşlikde paýhasly pederlerimiziň terbiýe mekdebi dogrusynda täsirli söhbetler edildi. Şeýle-de hakyky watançy, ýokary ahlakly, belent adamkärçilikli, edep-terbiýeli nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekde Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň kitaplarynyň gymmaty aýratyn nygtaldy. Çykyşlarda nygtalyşy ýaly, özüniň manyly ömrüni halkyna, mähriban topragyna bagyş eden, il-günüň agzybirligi ugrunda asylly zähmet çeken Mälikguly Berdimuhamedowyň ömür ýoly her birimiz üçin göreldedir, beýik mekdepdir. Watansöýüjiligiň, ynsanperwerligiň we belent adamkärçiligiň nusgasyny görkezen Mälikguly aganyň durmuş ýoly hakyndaky ýatlamalar biziň kalbymyzda ebedi ýaşar.

Welaýat zenanlar bölüminde

Halk Maslahaty — döwletli işleriň badalgasy Hemmämize mälim bolşy ýaly, şu günler ýurdumyzyň ähli ýerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk işlerine bagyşlanylyp geçirilýän çäreler giň gerime eýe bolýar.

Tebigat biziň öýümizdir

TMÝG-niň Mary etrap geňeşiniň, etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda “Tebigat biziň öýümizdir” ady bilen etrapdaky 1-nji, 2-nji, 6-njy çagalar baglarynyň körpeleriniň arsynda surat çekmek boýunça çäre geçirildi. Çärä TMÝG-niň etrap geňeşiniň işgärleri, etrap bilim bölüminiň hünärmenleri, etrapdaky çagalar baglarynyň terbiýeçileri gatnaşdylar. Çärede TMÝG-niň etrap geňeşiniň esasy hünärmenleri Zylyha Bakyýewa, Mähri Saparowa, 2-nji çagalar bagynyň müdiri Sähra Akmämmedowa çykyş etdiler.

Milli hukuk ulgamymyzyň berk binýady

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda milli döwletlilik, halk häkimiýetini berkarar etmek baradaky gadymdan gelýän ýol-ýörelgelerden, halkymyzyň baý durmuş tejribesinden ugur alýan hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän oýlanyşykly syýasatynyň netijesinde ýurdumyzda möhüm işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň hukuk esaslaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmak we berkitmek ugrunda kanunçylyk namalarynyň kämilleşdirilmegi, döwlet häkimiýet edaralarynyň netijeli işlemegi üçin ähli mümkinçilikleriň döredilmegi uly ähmiýete eýedir. Munuň özi döwletimiziň hukuk esaslaryny berkitmek arkaly ösüşlerimiziň has-da rowaçlanmagyna, ýurdumyzyň kuwwatlanmagyna alyp barýar. Täze taryhy eýýamda döwlet gurluşyny, hukuk ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmäge, jemgyýetçilik durmuşyny demokratiýalaşdyrmaga, ata Watanymyzyň parahatçylygyň we ösüşiň ýoly bilen täze sepgitlere çykmagyny üpjün etmäge gönükdirilen yzygiderli çäreler yzygiderli alnyp barylýar. Şol sanda ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, kabul edilýän kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň mazmunyny hem-de ähmiýetini ilat arasynda düşündirmek elbetde jemgyýetçilik edaralarynyň işgärleriniň esasy wezipesi bolup durýar. Munuň özi demokratik, hukuk we dünýewi döwletimizde kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde, halkymyzyň bagt