Mertler Watany beýgeldýär

15 Awgust 2024
121

Welaýat kitaphanasynda «Ömri — nesillere görelde, pendi — paýhas-ýörelge» diýen at bilen söhbetdeşlik geçirdik. Oňa döwürdeş ýazyjy-şahyrlarymyz, döredijilik işgärleri we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Gahryman Arkadagymyzyň kyblasy, hormatly Prezidentimiziň atasy Mälikguly Berdimuhamedowyň ömür ýoluny, durmuş tejribesini ýaşlaryň arasynda wagyz etmek maksady bilen geçirilen bu söhbetdeşlikde paýhasly pederlerimiziň terbiýe mekdebi dogrusynda täsirli söhbetler edildi. Şeýle-de hakyky watançy, ýokary ahlakly, belent adamkärçilikli, edep-terbiýeli nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekde Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň kitaplarynyň gymmaty aýratyn nygtaldy. Çykyşlarda nygtalyşy ýaly, özüniň manyly ömrüni halkyna, mähriban topragyna bagyş eden, il-günüň agzybirligi ugrunda asylly zähmet çeken Mälikguly Berdimuhamedowyň ömür ýoly her birimiz üçin göreldedir, beýik mekdepdir. Watansöýüjiligiň, ynsanperwerligiň we belent adamkärçiligiň nusgasyny görkezen Mälikguly aganyň durmuş ýoly hakyndaky ýatlamalar biziň kalbymyzda ebedi ýaşar.

Näzik ŞIRIÝEWA,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň bölüm müdiri, ilkinji zenanlar guramasynyň işjeň agzasy.