"Arkadag" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Arkadag şäheri, Arkadag şaýoly, 28
Telefon belgileri: 57-39-65, 57-39-66
Email: arkadag_gazeti@sanly.tm

Habarlar

Kinesiz göwün — abadan ömür (Durmuş we biz)

Adam özüni bilip başlandan bäri, sözüň göni manysynda «özüni bilip» başlaýar. Haýran galaýmaly, ýaňy bir ýaşap geçen çagadyr welin, özünden bary-ýogy bir ýarym ýaş uly doganynyň gujagymda oturanyny gören oglum ylgap gelip, gyzymy turuzjak bolýar. Onuň süýşüp ýer bereni bilenem oňaýanok. Oňa ejesiniň tutuş gujagy gerek... Onuň maksady, (eger ýalňyşmasam) özüniň birinjiligini elden bermezlik. Eger-de oňa: «Oglum, doganyňam oturaýsyn. Ikiňizem sygýaňyz ahyry» diýäýsem dagy, özi gürläp bilmese-de, gujagy paýlaşmaga yryljak bolýandygyna düşünen çaga gözünden boýur-boýur ýaş döküp başlaýar. Iň gyzykly ýeri, ol öz gujak paýlaşmaly doganyndan däl-de, şol gujagyň eýesi — öz ejesinden öýkeleýär... Her adam — bir dünýä. Her dünýäniň öz kadasy, öz düzgüni bar. Hiç kim başga bir adam, hatda iň ýakynlary tarapyndan hem öz dünýäsiniň düzgünlerine üýtgeşiklik giriziljek bolunsa halamaýar. Hakykatdanam, eger inçelik bilen yzarlap otursaň, adam mydama öz iň gowy görýän, özüne iň ýakyn hasaplaýan adamlaryndan öýkeleýär. Ýakyn däller her näme diýse-de, ol ony piňine alman bilýär. Emma ýakynlarynyň diýen, hatda diýmedik ýekeje zady-da ony öýkäniň bulançak derýasyna oklap bilýär. Duýgularyň iň irnigi, iň gaýkysy bolan öýke biziň durmuşymyzda, gurluşymyzda şeýle bir mäkäm orun tutupdyr welin, onuň inçejik, emma berk penjeleri göwnümizi islän wagty dyrnaçaklap goýberýär. Ýöne özümizi hernäçe go

Keşbi nusgalyk şäher

Ak şäherimizde döredilýän binagärlik dürdäneleri merjen paýtagtymyzyň gözel keşbi bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirýär. Ol binalarda ata Watanymyzda berkarar bolan täze eýýamyň belent ruhy, häzirki döwrüň ýaraşyklylygy we ajaýyplygy öz beýanyny tapýar. Şanly baýramlara barýan günlerimizde hem şeýle binalardyr desgalaryň onlarçasyny açyp, halkyň hyzmatyna bermek meýilleşdirilýär. Türkmenistanyň at gazanan arhitektory, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen durmuşa geçirilýän şähergurluşyk maksatnamasynyň netijesinde ak mermerli gözel paýtagtymyz Aziýanyň merjen şäherine öwrüldi. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy bilen birlikde, Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk şöhratly senesi baýramçylyk dabaralaryna beslener.

Ýatlatmak artykmaçlyk etmez

Häzirki döwürde belli bir sebäplere görä durup galan ulagy bir ýerden başga bir ýere äkitmek üçin ýörite ulag kömege çagyrylýar. Ýöne şeýle ulagyň ýok ýerinde durup galan ulagy tirkege almaly bolýar. Şonda tehniki howpsuzlygyň düzgünleriniň berk we doly berjaý edilmegi hökmandyr. Olary ýatlatmaklyk hiç wagt artykmaçlyk etmese gerek. Ilki bilen, çeýe we gaty birikdiriji bilen tirkege almak diňe tirkege alynýan ulagyň destiniň başynda sürüji bolanda amala aşyrylmalydyr. Ýöne gaty birikdirijiniň gurluşy tirkege alnan ulagyň göni çyzykly hereket etmegini üpjün edýän bolsa, onda tirkege alnan ulagyň destinde sürüjiniň bolmagy hökman däldir. Gaty we çeýe birikdiriji bilen tirkege alnanda, awtobusda, trolleýbusda we ýük awtomobiliniň nowasynda adamlary gatnatmagyň gadagandygyny hem ýatdan çykarmaly däl. Bölekleýin ýüklemek arkaly tirkege alnanda bolsa, tirkege alnan ulagyň kejebesinde we nowasynda, tirkege alanyň bolsa nowasynda adam bolmaly däldir. Çeýe birikdiriji bilen tirkege alnanda, ulaglaryň arasy 4—6 metr bolmalydyr. Gaty birikdirijiniň uzynlygynyň bolsa 4 metrden köp bolmazlygy üpjün edilmelidir.

Üns beriň, bäsleşik!

Ösüp gelýän ýaş nesilleriň ýangyn howpsuzlygynyň düzgünleri baradaky bilimlerini kämilleşdirmek, olaryň ýangyn howpuna garşy göreşmekde raýatlyk borçlary baradaky düşünjesini artdyrmak maksady bilen, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy bilen «Güneş» žurnalynyň redaksiýasy bilelikde mekdep okuwçylarynyň arasynda reňk (akwarel) we galam bilen surat çekmek (grafika) ugurlary boýunça «Abadan, asuda, Bitarap Watan» diýen at bilen bäsleşik yglan edýär. Bäsleşigiň düzgünnamasy:

Neşiriň nobatdaky sany

Dowamly çap edilýän «Beýik özgertmeleriň ýyl ýazgysy» neşiriniň 13-nji goýberilişi çapdan çykdy, onda «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýen şygar bilen geçirilen 2019-njy ýylda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň netijeli syýasy we guramaçylyk işini açyp görkezýän wakalar beýan edilýär. Neşiriň nobatdaky sany “Türkmenistan — oňyn ösüşler ýurdy” atly syn makalasy bilen açylýar, onda degişli döwürde ýurdumyzy senagatlaşdyrmak, tebigy serişdeleri özleşdirmek, dünýä ähmiýetli ulag geçelgelerini döretmek babatynda düýpli özgertmeleriň amala aşyrylandygy bellenilýär. Paýtagtymyzda we welaýatlarda durmuş hem-de önümçilik maksatly köp sanly desgalar ulanmaga berildi. Bagtly maşgalalaryň müňlerçesi ähli amatlygy bolan ýaşaýyş jaýlarynyň açarlaryny alyp, jaý toýuny tutdular, täze iş orunlary döredildi.

Waspy dillerde dessan

Welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Daşoguz şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň guramagynda Halkara Nowruz baýramy mynasybetli «Nowruz geldi ülkäme» diýen at bilen surat çekmek boýunça sergi bäsleşigi geçirildi. Bäsleşige Daşoguz şäherindäki çagalar çeperçilik mekdebiniň hem-de welaýatyň çagalar sungat mekdepleriniň çeperçilik bölümlerinde bilim alýan okuwçylar gatnaşdylar. Sergide okuwçylaryň dürli reňkler bilen hem-de grafika usulynda çeken suratlarynda bahar paslynyň gözelligi, baýramçylyk günleri wasp edildi. Bäsleşikde birinji orunlara Daşoguz şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň 1-nji synp okuwçysy Mehrinisa Ruzmetowa, 4-nji synp okuwçylary Sewara Bagtyýarowa, Umidjan Şakirow, ikinji orunlara Daşoguz şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň 1-nji synp okuwçysy Madina Kalandarowa, Görogly etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň okuwçysy Maýsa Meňlimedowa, Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň çagalar sungat mekdebiniň okuwçysy Marjana Baltabaýewa, üçünji orunlara Daşoguz şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň 1-nji synp okuwçysy Gülnäz Parhadowa, 3-nji synp okuwçysy Merjen Hanowa, Boldumsaz etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň 2-nji synp okuwçysy Aýsoltan Öwezowa, Akdepe etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy Rahmatjan Nurmetowa, Görogly etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy Oguljan Parhadowa, höweslendiriji orunlara Daşoguz şäherini

Eýjejik gyzjagazlaryň üstünligi

Ýakynda paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilen Bilim ministrliginiň Milli bahar baýramy mynasybetli ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 2 — 4-nji synplarynda okaýan okuwçy gyzlarynyň arasynda geçirýän «Iň eýjejik gyzjagaz — 2021» atly şadyýan bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Oňa bäsleşigiň deslapky tapgyrlarynda ýeňiji bolan eýjejik gyzjagazlaryň 12-si gatnaşdy. Olaryň arasynda Daşoguz welaýatyndan hem eýjejik gyzjagazlarynyň ikisi bar.

Guramaçylykly geçdi

Golaýda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň geňeşiniň kararyna laýyklykda, Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň mejlisler zalynda KA-nyň komitetiniň hasabat-saýlaw ýygnagy geçirildi. Oňa kärdeşler arkalaşyklarynyň işjeň agzalary gatnaşdylar. Ýygnakda hasabat döwründe kärdeşler arkalaşyklarynyň tertipnamasyna laýyklykda wezipeleriň ýerine ýetirilişi, Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň gazanan üstünlikleri, hormatly Prezidentimiziň jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary bilen geçiren iş maslahatynda beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmekde öňde duran wezipeler barada giňişleýin gürrüň edildi. Şeýle hem kärdeşler arkalaşyklarynyň guramasynyň komitetiniň we derňew toparynyň täze düzümi saýlanylyp, üstümizdäki ýyl üçin iş we maliýe meýilnamalary ara alnyp maslahatlaşyldy we tassyklanyldy.

Ykbalyň bagt ýyldyzy hemmelere miýesser etsin

Hamal (guzy 21.03-20.04) Geljek hepde hamallara iş, wezipe orunlarynda uly ösüşlere ýetmäge ýol açylar. Hepdäniň ikinji ýarymynda olar tutanýerlilik bilen işläp, ýokary netijeleri gazanmaga çalyşmalydyrlar. Alyp barýan işiňize yhlas bilen ýapyşsaňyz, köp zatlary gazanyp bilersiňiz. Hepde maddy we maliýe ýagdaýyňyzy artdyrmaga-da amatlydyr.

Agzybirligiň we gözelligiň baýramy

Nowruz gadymy döwürlerden bäri Gündogar halklarynyň arasynda belli bolan ajaýyp baýramlaryň biridir. Nowruz — «Täze gün” diýmek bolup, mart aýynyň 21-ine gabat gelýär hem-de täze ýylyň täze gününiň başlanýandygyny aňladýar. «Ergenokon” dessanynda bolsa türki halklaryň garaňkylykdan ýagtylyga çykan gününiň Nowruz baýramyna gabat gelendigi hakynda birnäçe rowaýatlar hem aýdylýar. Nowruzyň gelmegi bilen goja Zemin,ene toprak juwan keşbe girýär, adamlaryň ruhyna ruh goşulýar. Şonuň üçin hem Nowruz ähli baýramlaryň arasynda tebigy baýramdyr. Merkezi Aziýa, Kiçi Aziýa we Ýakyn Gündogar ýurtlarynyň halklarynyň arasynda asyrlaryň dowamynda Nowruz baýramynyň bellenmegi bilen baglanyşykly birnäçe däp-dessurlar döräpdir. Olaryň hatarynda öýleri, köçeleri ýa-da dükanlary bezemek, haýyrly işleri amal etmek, dogan-garyndaşlara, dost-ýarlara görme-görşe barmak, göreş tutmak, gazal aýtmak hem-de ýörite baýramçylyk tagamlaryny taýýarlamak ýaly, däp-dessurlary görkezmek bolar. Gadymy däplere görä, Nowruzyň birinji güni bahar, ikinji güni tomus, üçünji güni güýz, dördünji güni gyş hasaplanypdyr. Eger birinji güni ýagyş ýagsa, onda ýylyň hasylly geljegi hakynda ynanç döräpdir. Nowruz däpleri adamlaryň arasynda birek-birege ynanmak, ýagşylyk etmek ýaly duýgulary döredipdir.

Nowruz — rysgaldan nyşan

Halklary biri-birine golaýlaşdyrýan baýramçylyklaryň biri bolan Halkara Nowruz baýramy iň gadymy döwürlerden bäri bellidir. Nowruz gije bilen gündiziň ýazky deňleşýän wagty bolup, şol günden soň gündiziň dowamlylygy gijäniňkiden uzaýar. Ygalyň mukdarynyň artmagy bilen bahar paslynyň tämiz howasyndan nemlenen sährada gögeren otlar başlaryny göge tutup, ösüp başlaýarlar. Käbir halklar ýaz paslynyň gelmegi bilen ýere ýyly gidip, 21-nji marty ýaşaýşyň nyşany diýip düşünýärler. Nowruz baýramy 2009-njy ýylyň 30-njy sentýabrynda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.

Bag — durmuşyň bezegi

Tebigat gözelligi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz Watanymyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça alnyp barylýan giň möçberli işler ekologiýa abadançylygyny üpjün etmekde has ähmiýetlidir.

Ajaýyp sene

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ajaýyp zamanamyzyň her bir güni ýatdan çykmajak taryhy wakalara, şanly senelere beslenýär. Ynha, gül Diýarymyzyň goýnuna ýaz paslynyň gelmegi bilen Zeminiň ýüzi üýtgeşik keşbe girdi. Dag-düzler ýaşyl begresini atynyp, baglar ak güller bilen bezeldi. Milli bahar — Halkara Nowruz baýramy mynasybetli ýurdumyzyň ähli ýerlerinde baýramçylyk dabaralary guralýar. Bu baýram täzelenişiň, janlanyşyň baýramy hasaplanylýar. Nowruz baýramy gije bilen gündiziň ýazky deňleşýän wagtyna gabat gelmek bilen, Gündogarda täze ýylyň gelendigi hasaplanýar. Nowruzyň gelmegi bilen eziz Watanymyzyň ähli ýerleri al-ýaşyl güllere bürenýär, ene topraga jan girýär. Şeýle ajaýyp zamanamyzda gül-gülälekli Watanymyzyň goýnunda bolelin, eşretli durmuşda ýaşamaga ruhlandyrýan Arkadag Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun! Il-ýurt bähbitli işleri rowaç alsyn!

Al-elwan güller içinde

Ynsan kalbyna ruhubelentlik we galkynyş, jümle-jahana diriliş hem täzeleniş paýlaýan bu nurana baýram — Milli bahar baýramy mart aýynyň 21-22-sine giňden bellenilip geçilýär. Ol gül-gülälekli Nowruz baýramy bilen utgaşyp gelýär. Milli bahar baýramy halkymyzyň alyp barýan we amala aşyrýan işleriniň özenini, geljege ynamly ýolunyň manysyny, ruhubelentligi hem täzelenişi, ýagşylygy hem berekedi, bagtyýarlygy hem abadançylygy alamatlandyrýar. Asyrlarboýy halkyň hakydasyna nur çaýyp, taryhyň synaglaryndan geçip gelen, millet hökmünde özüni tanatmakda, geçmişine, şu gününe, geljegine göz ýetirmekde, ata-babalarymyzyň synmaz ruhuny aňlara hem kalplara siňdirmekde we geljekki nesillerimize miras hökmünde geçirmekde juda uly gymmaty bolan Milli bahar we Nowruz baýramlary uly dabara we joşguna beslenýär.

Kalbymyz joşa gelýär

Tebigata jan girip, gül-gülälege beslenip, gelen bahar adamlaryň kalbyny joşa getirýär. Bahar paslyny garşylap, gözel tebigatyň gujagynda ýaýnaýan ynsan ýüregi ajaýyp gözellige beslenýär. Tebigatyň şu gözelligine syn edeniňde bahar paslynyň gözel görnüşleri haýrana goýýar. Bahar paslynyň ilkinji aýynda bolsa, toý-baýramlarymyz goşa-goşadan gelýär. Ata Watanymyzyň dürli künjeklerinde aýdym-saza beslenip, bellenilýän Halkara Nowruz baýramy hem ýetip geldi. Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda-da uludan tutulýan bu toý şatlyk-şowhuna beslenýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Halkara Nowruz baýramyna ulus ilimiz taýýarlykly barýar.

Baýramçylyk buýsanjy

Pasyllaryň soltany baharyň gelmegi bilen älem-jahan gülzarlyga öwrülýär. Köňüllerem misli bahar deýin joşup, kenaryna sygmaýan derýalara ogşaýar. Öňdenem goýny toýdur-baýramlara baý Diýarymyzyň baýramçylyklary goşa-goşadan gelýär. Ýap-ýaňy Halkara zenanlar gününi toýladyk. Ynha, bu gün bolsa, Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz baýramy ýetip geldi. Gündogar halklarynyň gadym eýýamlardan bäri belläp gelýän bu baýramy baharyň ýyly demi bilen tebigatyň, bütin älem-jahanyň dirilişini alamatlandyrýar. Hut şonuň üçin hem ol Nowruz — täze gün diýlip atlandyrylypdyr. Ol täze günüň, täze ýylyň, ýaşaýşyň, söýginiň, mähir-muhabbetiň başlangyjy saýylmak bilen baýramlaryň seresi hökmünde görülýär.

Röwşen geljegimiziň şuglasy

Bagtyýarlyk zamanamyzyň özüne mynasyp at bilen gelýän ýyllary Garaşsyz döwletimizi belent sepgitlere beslenip abadan ertirimize ýetirýär. Gahryman Prezidentimiziň goldamagynda 2021-nji ýylyň “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip atlandyrylmagy il-günümizde ýokary ruhubelentligi döretdi. Bu günki gün gadymy türkmen topragynda parahatçylygyň, ynanyşmagyň, birek-birege hormat goýmaga esaslanýan we özara peýdaly hyzmatdaşlyga esaslanýan ýörelge rowaçlanýar. Daşary syýasatda Bitaraplyk taglymatyna daýanyp sebitde we bütin dünýäde parahatçylygy hem-de howpsuzlygy pugtalandyrmakda uly tagallalary edýän Garaşsyz Türkmenistanymyzy dünýä tanaýar. Döwletara gatnaşyklarynda parahatçylyk söýüjilikli we ynanyşmak ýörelgesine eýerýän döwletimiz Aşgabat şäheriniň 140, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň toýy toýlanyljak üstümizdäki ýylda Diýarymyzyň her güni täze-täze zähmet ýeňişlerine beslenip, ynamly öňe barýar.

“Beýik özgertmeleriň ýyl ýazgysy” neşiriniň nobatdaky sany çapdan çykdy

Dowamly çap edilýän «Beýik özgertmeleriň ýyl ýazgysy» neşiriniň 13-nji goýberilişi çapdan çykdy, onda «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýen şygar bilen geçirilen 2019-njy ýylda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň netijeli syýasy we guramaçylyk işini açyp görkezýän wakalar beýan edilýär. Neşiriň nobatdaky sany “Türkmenistan — oňyn ösüşler ýurdy” atly syn makalasy bilen açylýar, onda degişli döwürde ýurdumyzy senagatlaşdyrmak, tebigy serişdeleri özleşdirmek, dünýä ähmiýetli ulag geçelgelerini döretmek babatynda düýpli özgertmeleriň amala aşyrylandygy bellenilýär. Paýtagtymyzda we welaýatlarda durmuş hem-de önümçilik maksatly köp sanly desgalar ulanmaga berildi. Bagtly maşgalalaryň müňlerçesi ähli amatlygy bolan ýaşaýyş jaýlarynyň açarlaryny alyp, jaý toýuny tutdular, täze iş orunlary döredildi.

Köňüllerde bagtyýarlyk joşguny

Ýurdumyzda toýlar toýa ulaşýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy, Milli bahar baýramy mynasybetli geçirilýän medeni çäreler hem barha giň gerim alýar. Golaýda Türkmenistanyň Mejlisiniň, Jemgyýetçilik guramalarynyň, Bilim ministrliginiň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň hem-de Ylymlar akademiýasynyň bilelikde guramagynda maslahat geçirildi. Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda geçirilen bu maslahat «Halkyň abadan durmuşy hormatly Prezidentimiziň syýasatynyň baş ugrudyr» diýlip atlandyryldy. Çykyş edenleriň buýsanç bilen belleýişleri ýaly, ýurdumyzyň ähli ulgamlaryndaky sazlaşykly ösüşler il-ýurt bähbidine gönükdirilendir. Ol bolsa, öz gezeginde, halkymyzyň bagtyýarlygyny, Watanymyzyň kuwwatlylygyny üpjün edýär. Maslahata gatnaşyjylar «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgäni ähli babatda rowaçlandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň adyna tüýs ýürekden çykýan hoşallyklaryny beýan etdiler.

Ýaňlananda çagalaryň owazy

Düýn paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilen Bilim ministrliginiň bilelikde guramagynda Milli bahar baýramy mynasybetli ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 2 — 4-nji synplarynda okaýan okuwçy gyzlaryň arasynda «Iň eýjejik gyzjagaz — 2021» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi. Oňa bäsleşigiň deslapky tapgyrlarynda ýeňiji bolan eýjejik gyzjagazlar gatnaşdy.