Röwşen geljegimiziň şuglasy

19 Mart 2021
803

Bagtyýarlyk zamanamyzyň özüne mynasyp at bilen gelýän ýyllary Garaşsyz döwletimizi belent sepgitlere beslenip abadan ertirimize ýetirýär. Gahryman Prezidentimiziň goldamagynda 2021-nji ýylyň “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip atlandyrylmagy il-günümizde ýokary ruhubelentligi döretdi. Bu günki gün gadymy türkmen topragynda parahatçylygyň, ynanyşmagyň, birek-birege hormat goýmaga esaslanýan we özara peýdaly hyzmatdaşlyga esaslanýan ýörelge rowaçlanýar.

Daşary syýasatda Bitaraplyk taglymatyna daýanyp sebitde we bütin dünýäde parahatçylygy hem-de howpsuzlygy pugtalandyrmakda uly tagallalary edýän Garaşsyz Türkmenistanymyzy dünýä tanaýar. Döwletara gatnaşyklarynda parahatçylyk söýüjilikli we ynanyşmak ýörelgesine eýerýän döwletimiz Aşgabat şäheriniň 140, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň toýy toýlanyljak üstümizdäki ýylda Diýarymyzyň her güni täze-täze zähmet ýeňişlerine beslenip, ynamly öňe barýar.